HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin saýlawçylaryň sanly sanawyny ornaşdyrýar

Iýul 01, 2025 | 15:35 |3146
Türkmenistanyň Mejlisinde täze «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Kanun kabul edildi, bu bolsa ýurduň saýlaw ulgamyny ep-esli kämilleşdirerTürkmenistanyň Mejlisinde täze «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Kanun kabul edildi, bu bolsa ýurduň saýlaw ulgamyny ep-esli kämilleşdirer
Çeşme: newscentralasia

Türkmenistanyň Mejlisinde täze «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Kanun kabul edildi, bu bolsa ýurduň saýlaw ulgamyny ep-esli kämilleşdirer. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işlenip düzülen bu kanun raýatlaryň saýlaw hukuklary bilen bagly bolan işleriniñ sanlylaşdyrylmagy ugrunda möhüm ädim boldy.

Täze kanunyň esasy maksady — saýlaw hukugy bolan raýatlaryň ygtybarly döwlet hasabyny üpjün edýän merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmaga hukugy bolan raýatlar barada anyk we doly maglumatlary saklamak, işlemek we peýdalanmak üçin platforma bolup hyzmat eder.

Kanun sanawyñ işi bilen baglanyşykly ähli esasy düşünjeleri anyk kesgitleýär, ulgamyň doly açyklygyny we düşnükliligini üpjün edýär. Olaryň arasynda maglumatlar binýady, saýlawçylaryň şahsy maglumatlary, saýlaw salgysy, sanawy dolandyrýan edaralar hem-de ulgamy ýöretmek we hyzmat etmek boýunça toparlar bar.

Maglumatlary saklamagyň we täzelemegiň düzgünleri, şahsy maglumatlaryň goraglylygy, olary berilmegiñ tertibi hem-de sanawy ýöretmäge jogapkär edaralaryň hereketleriniň ýa-da çözgütleriniň şikaýat edilmegi üçin gurallar hem göz öňünde tutulýar.

Bu kanunyň kabul edilmegi "Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyñ" we "Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyñ" düzgünlerine laýyk gelýär. Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynyñ döredilmegi, Türkmenistana halkara standartlaryna laýyk gelýän saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly sanly esas döretmegine mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026