HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Belarusyň Garaşsyzlyk güni bellendi: dostluk atmosferasyndaky dabaraly kabul edişlik

Iýul 01, 2025 | 18:05 |5185
“Ýyldyz” myhmanhanasynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan dabaraly kabul edişlik geçirildi“Ýyldyz” myhmanhanasynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan dabaraly kabul edişlik geçirildi
Çeşme: orient.tm

“Ýyldyz” myhmanhanasynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu çäre diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryny, halkara guramalarynyň, işewür toparlaryň, we habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky berk gatnaşyklaryň aýdyň tassyklamasy boldy.

belarus-turkmenistan-prazdnik- (3).jpg

Taryhy hakyda we strategiki hyzmatdaşlyk

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý öz çykyşynda 3-nji iýulyň aýratyn ähmiýetini belledi – 1944-nji ýylda Minskiň nemes-faşist basybalyjylaryndan azat edilen güni. Bu güne Belarusda çuňňur hormat goýulýandygyny aýtdy.

belarus-turkmenistan-prazdnik- (10).jpg

Türkmen-belarus hyzmatdaşlygy barada belläp, Ilçi iň ýokary derejedäki däp bolan dostlukly we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary şeýle hem ählumumy gün tertibine çemeleşmeleriň meňzeşligi we BMG guramasy ýaly halkara meýdançalaryndaky konstruktiw hyzmatdaşlygy aýratyn nygtady. Çepurnoý Belarus Respublikasynyň BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan etmek hakyndaky kararnamanyň şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly üçinji kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş edendigini belledi.

belarus-turkmenistan-prazdnik- (14).jpg

Diplomat iki ýurduň ykdysadyýetiniň biri-biriniň üstüni ýetirýändigini aýtdy. Ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň hem-de Ylym we tehnologiýa boýunça hökümetara toparynyň mejlisleri geçiriler, bu ýerde mümkinçiliklere we geljegi bolan amaly işleriň ileri tutulýan ugurlaryna jikme-jik serediler.

belarus-turkmenistan-prazdnik- (7).jpg

Ilçi, şeýle hem 2025-nji ýylyň fewral aýynda Belarusda geçirilen Sambo boýunça halkara ýaryşynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlaryny mysal getirdi. Bu ýerde toparlaýyn ýaryşda umumylykda ikinji we söweş sambosynda birinji orny eýeläp, dürli görnüşli medallaryň toplumyny gazandylar. Ikitaraplaýyn medeni alyş-çalyşlaryň we Medeniýet günlerini geçirmegini täzeden ýola goýulmagynyň maksatnamasy işlenip düzülýär.

Söwda dolanyşygynyň we ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösüşi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Mämmethan Çakyýew Belarus Respublikasyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Ol hyzmatdaşlyk etmek üçin şertnama-hukuk binýady takmynan 140 resminamany öz içine alýandygyny we 2025-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda özara söwda dolanyşygynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 46% ýokarlandygyny belledi.

belarus-turkmenistan-prazdnik- (9).jpg

Çakyýew, azyk we derman önümlerinden başlap enjamlara çenli Belarussiýanyň önümleriniň türkmen bazarynda giňden orun alandygyny aýtdy. Türkmenistan hem öz gezeginde Belarusa dokma, oba hojalyk toplumynyň, himiýa we nebiti işleýän pudagynyň önümlerini eksport edýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda belarus şahyry Ýanka Kupalanyň Aşgabatda ýadygärligiň açylmagy berk medeni gatnaşyklaryň nyşanyna öwrüldi. Türkmenistanyň 4 müňden gowrak raýaty Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýarlar.

belarus-turkmenistan-prazdnik- (11).jpg

Dostlukly atmosferadaky dabaraly agşam

Resmi bölegi mähirli kabul edişlik bilen tamamlandy. Myhmanlar dabaradan lezzet aldylar. Bu ýerde olar belarus milli tagamlaryny dadyp gördüler. Belarus baradaky wideo şekilleriň görkezilmegi we ýaş skripkaçylar toparynyň çykyşlary baýramçylyk atmosferasynyň üstüni ýetirdi.

belarus-turkmenistan-prazdnik- (16).jpg

Agşam joşgunly sazlar we aýdymlar bilen dowam etdi, şol sanda meşhur “Pesnýary” toparynyň ýüreklerde baky orun alan aýdymlary dabara aýratyn öwüşgin berdi.

Kabul edişlik Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňňur dostluk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan myhmansöýerlik we mähirli ýagdaýda geçirildi.

belarus-turkmenistan-prazdnik- (17).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026