HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

PNG 20 ýylyň içinde ilkinji uly täzelenişini alýar: HDR, Animasiýa we Exif üpjün edilşi

Iýul 01, 2025 | 16:10 |4481
Internetde suratlar üçin standart hökmünde giňden ulanylýan PNG formaty, 2003-nji ýyldan bäri ilkinji uly täzelenişini aldy. Indi ol resmi taýdan HDR suratlary, APNG animasiýasy we Exif metamaglumatlary bilen doly üpjün edilip, şol bir wagtda-da öz köpugurlylygyny we häzirki zaman grafiki formaty derejesini saklaýarInternetde suratlar üçin standart hökmünde giňden ulanylýan PNG formaty, 2003-nji ýyldan bäri ilkinji uly täzelenişini aldy. Indi ol resmi taýdan HDR suratlary, APNG animasiýasy we Exif metamaglumatlary bilen doly üpjün edilip, şol bir wagtda-da öz köpugurlylygyny we häzirki zaman grafiki formaty derejesini saklaýar
Çeşme: rutab.net

Internetde suratlar üçin standart hökmünde giňden ulanylýan PNG formaty, 2003-nji ýyldan bäri ilkinji uly täzelenişini aldy. Indi ol resmi taýdan HDR suratlary, APNG animasiýasy we Exif metamaglumatlary bilen doly üpjün edilip, şol bir wagtda-da öz köpugurlylygyny we häzirki zaman grafiki formaty derejesini saklaýar.

HDR – bu täzelenişiň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup, reňkleriň we ýagtylygyň has giň diapazonyny görkezmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa adam gözüniň kabul edýän görnüşine has ýakyn bolýar. HDR maglumatlaryny saklamak üçin diňe dört goşmaça baýt gerek bolýar.

Mozilla tarapyndan ilkinji gezek teklip edilen we häzirki wagtda köp brauzer tarapyndan ulanylýan APNG animasiýa formatynyň PNG standartyna goşulmagy-da möhüm ädimdir. Indi animirlenen PNG faýllary, hil taýdan ýitgisiz gysyş bilen, GIF-iñ doly alternatiw görnüşi bolar.

Mundan başga-da, PNG formaty indi Exif metamaglumatlaryny (awtorlyk, kamera sazlamalary, geolokasiýa) göni özünde saklap bilýär. Mundan ozal bu maglumatlary diňe daşary gurallar arkaly goşmak mümkindi. Indi bolsa, bu maglumatlar JPEG faýllaryndaky ýaly aňsatlyk bilen ornaşdyrylyp we saklanyp bilner.

Täze standart eýýäm häzirki zaman brauzerleriniň köpüsi (Chrome, Safari, Firefox), operasion ulgamlary (iOS, macOS) we programmalar (Photoshop, DaVinci Resolve) tarapyndan üpjün edilýär diýip, How-To Geek habar berýär. Ulanyjylardan goşmaça hiç hili hereket talap edilmeýär.

PNG döredijiler topary geljek täzelenişleri hem yglan etdi: 4-nji wersiýada HDR we adaty suratlaryň utgaşygyny kämilleşdirmek, 5-nji wersiýada bolsa gysyş algoritmlerini optimizirlemek we faýllary parallel işlemek ýaly mümkinçilikleri goşmak meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026