HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Xiaomi AI Glasses: AI kameraly we ses kömekçisi bolan akylly äýnekler

Iýul 01, 2025 | 15:55 |5224
Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bu enjam Super Xiaoai sesli kömekçisini, emeli añ kamerasyny we gulaklyklary özünde jemleýär. Enjamyň hakyky suratlary eýýäm IT Home neşirinde peýda boldyXiaomi kompaniýasy täze Xiaomi AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bu enjam Super Xiaoai sesli kömekçisini, emeli añ kamerasyny we gulaklyklary özünde jemleýär. Enjamyň hakyky suratlary eýýäm IT Home neşirinde peýda boldy
Çeşme: IT Home

Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bu enjam Super Xiaoai sesli kömekçisini, emeli añ kamerasyny we gulaklyklary özünde jemleýär. Enjamyň hakyky suratlary eýýäm IT Home neşirinde peýda boldy.

Äýnekler titandan ýasalan 12°-lik duga, 4°-lik çarçuwaly sazlaýyş ulgamy bilen üpjün edilendir. Şeýle hem, olar IP54 derejesindäki goraga eýedir. Enjamyň içinde Qualcomm Snapdragon AR1 çipi ýerleşdirilen, ol Hexagon AI we iki ISP moduly arkaly suratlary işläp taýýarlamaga ukyplydyr. Sesi dolandyrmak üçin bolsa BES2700H ses çipi we açyk görnüşli dinamikler ulanylýar. Enjamyň agramy linsasyz takmynan 40 gram, ýönekeý linzalar bilen 45 gram töwereginde bolýar.

1

Dugalaryň üstünde sensor panel, kamera dolandyryş düwmesi, zarýad üçin USB-C porty we ýakyp-öçüriji düwme ýerleşdirilendir. Topluma daşky gaby, arassalaýjy mata, kabel we 10 Wt kuwwatly zarýad enjamy hem girýär.

Xiaomi AI Glasses 12-megapikselli Sony IMX681 kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol 2304×1728 çözgütli wideo ýazgysyny we EIS durnuklaşdyryş tehnologiýasyny üpjün edýär. Bu äýnekler arkaly teksti, suratlary, obýektleri, ösümlikleri we haýwanlary tanamak, terjime etmek we akylly öý enjamlaryny dolandyrmak mümkinçiligi bar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026