HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen parlamentarileri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýyllyk mejlisine gatnaşýarlar

Iýul 01, 2025 | 10:40 |3337
29-njy iýunda Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Kariminiň Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekiliýetleri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdylar29-njy iýunda Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Kariminiň Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekiliýetleri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdylar
Çeşme: mejlis.gov.tm

29-njy iýunda Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Kariminiň Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekiliýetleri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 29-njy iýuny 3-nji iýuly aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 32-nji her ýylky mejlisine hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde guralýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we bitaraplygyň ýörelgeleri» atly çärä gatnaşmak maksady bilen, Portugaliýa Respublikasynyň Portu şäherinde iş saparynda bolýarlar.

1

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça öz ýurtlarynda alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy gorap saklamaga, tebigata aýawly çemeleşmäge gönükdirilen tagallalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly goldamak boýunça toplanan tejribeler beýan edildi.

2

Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, günüň ikinji ýarymynda türkmen parlamentarileri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar häzirki wagtda sebitiň we dünýäniň gün tertibinde durýan meseleleriň oňyn çözgütlerini we olary durmuşa geçirmekde parlamentleriň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026