HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple Podcasts 20 ýyllygyny belleýär: iTunes-den aýratyn hyzmata we iň gowy 20 gepleşik sanawyna çenli

Iýun 30, 2025 | 18:50 |4280
2005-nji ýylyň 28-nji iýunynda iTunes arkaly ilkinji gezek peýda bolan podkastlaryň 20 ýyllygy mynasybetli, Apple kompaniýasy Apple Podcasts redaksiýasy tarapyndan saýlanan iň gowy 20 podkastdan ybarat sanawy hödürledi2005-nji ýylyň 28-nji iýunynda iTunes arkaly ilkinji gezek peýda bolan podkastlaryň 20 ýyllygy mynasybetli, Apple kompaniýasy Apple Podcasts redaksiýasy tarapyndan saýlanan iň gowy 20 podkastdan ybarat sanawy hödürledi
Çeşme: habr.com

2005-nji ýylyň 28-nji iýunynda iTunes arkaly ilkinji gezek peýda bolan podkastlaryň 20 ýyllygy mynasybetli, Apple kompaniýasy Apple Podcasts redaksiýasy tarapyndan saýlanan iň gowy 20 podkastdan ybarat sanawy hödürledi. Bu waka sanly audio kontentiñ ösüşinde möhüm ädim boldy. Sanawa Serial, This American Life, Las Culturistas, Call Her Daddy, The Daily, Acquired we Baby, this is Keke Palmer ýaly meşhur gepleşikler girdi.

Podkastlar ilkinji gezek şol ýylyň iýun aýynda iTunes-nyň 4.9 wersiýasynyň çykmagy bilen elýeterli boldy. 2012-nji ýylda Apple podkastlar üçin aýratyn ykjam goşundyny işe girizdi, 2014-nji ýylyň oktýabryndan başlap bolsa, bu goşundy iOS ulgamynda öňünden gurnalan programmalaryň birine öwrüldi. 2021-nji ýyla çenli Apple Podcasts katalogynda iki milliondan gowrak gepleşik bardy. Häzirki wagtda podkastlara elýeterlilik ep-esli giňeldi – olary iOS, iPadOS, macOS, watchOS, tvOS, CarPlay, Windows ulgamlaryndaky enjamlar hem-de Amazon Alexa enjamy arkaly diňlemek bolýar.

2024-nji ýylda Apple podcasts.apple.com salgysy boýunça Apple Podcasts hyzmatynyň internet wersiýasyny hödürledi. Bu web wersiýa Chrome, Edge, Firefox we Safari ýaly meşhur brauzerler arkaly girmegi üpjün edýär. Web wersiýa arkaly ulanyjylar Apple ID hökmany awtorizasiýasyz hem podkastlary diňläp bilerler. Şeýle-de bolsa, Apple ID arkaly girmek bilen şahsy kitaphana, bellikler we diňlemek nobatyny sazlamak ýaly goşmaça mümkinçiliklere elýeterlilik açylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026