HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Geljegiň şäheri: Arkadag şäheri özüniň iki ýyllygyny belledi

Iýun 30, 2025 | 00:50 |6986
29-njy iýunda Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli uly göwrümli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk atmosferasy aýdym-sazly we şatlykly duýgulardan doldyryldy. Ýaşaýjylar üçin esasy sowgat ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryň açarlarynyň gowşurmak dabarasy boldy29-njy iýunda Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli uly göwrümli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk atmosferasy aýdym-sazly we şatlykly duýgulardan doldyryldy. Ýaşaýjylar üçin esasy sowgat ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryň açarlarynyň gowşurmak dabarasy boldy
Çeşme: orient.tm

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli uly göwrümli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk atmosferasy aýdym-sazly we şatlykly duýgulardan doldyryldy. Ýaşaýjylar üçin esasy sowgat ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryň açarlarynyň gowşurmak dabarasy boldy.

Iki ýylda Arkadag sanly we ýaşyl tehnologiýalaryň durmuşyň ähli ugurlaryna birleşdirilen akylly şäheriň aýdyň mysaly boldy. Bu oýlanyşykly konsepsiýa eýýäm bütin dünýäde ykrar edildi: Şäher Günorta Koreýada geçirilen “World Smart City Expo 2024” halkara sergisiniň baş baýragyny Wena şäherinde hil babatda “Diamond” derejesi berildi. Mundan başga-da, Arkadag şäheri ýokary ekologiýa standartlaryna we durnukly ösüşiň talaplaryna laýyk gelýändigi üçin şahadatnamalara mynasyp boldy.

Ýaňy-ýakynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparynyň dowamynda täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli, aragatnaşyk we internet ulgamynda 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi. Bu çözgüt ýurtda innowasiýalaryň öňdebaryjysy hökmünde şäheriň hukuk derejesine kybap gelýändigini tassyklaýar.

Şäheriň gurluşygy iki tapgyrda amala aşyrylýar. Birinji tapgyryň çäginde eýýäm 336 bina guruldy, häzirki wagtda bolsa gurluşygynyň ikinji tapgyry dowam edýär. Ikinji tapgyryň çäklerinde döwrebap senagat toplumyny emele getirjek önümçilik kärhanalary şeýle hem durmuş maksatly desgalar gurlar.

Günüň ikinji ýarymynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar ykdysadyýete maýa goýumlaryň we hususy pudagyň gatnaşmagy netijesinde uly göwrümli şäheriň kemala gelendigini bellediler. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna 50-den gowrak ýerli hususy kärhana gatnaşýar, lukmançylyk klasteriniň gurluşygynda bolsa daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary iş alyp barýarlar. gatnaşýar.

Снимок экрана (4175).jpg

Agşam şäheriň baş meýdançasynda Türkmenistanyň we Russiýadan (Tatarystan, Başgyrdystan), Türkiýeden, Özbegistandan gelen sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy. Ýaş zehinler we tans toparlaryny tomaşaçylara ýatdan çykmajak duýgulary sowgat etdiler. Aýratynam, tomaşaçylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň söýgüni we Watany wasp edip ýazan aýdymlarynyň ýerine ýetirilmeginden ruhy lezzet aldylar.

Arkadag şäheri, diňe bir ýaşamak üçin amatly ýer bolman, eýsem Türkmenistanda oýlanyşykly şäherleşme konsepsiýasyny özünde jemleýän innowasiýa, ylym we işewür hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde öz derjesini tassyklap, depginli ösüşini dowam etdirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026
Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

22:45 Oktýabr 01, 2026
Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

22:31 Oktýabr 01, 2026