HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda takmynan 150 döwlet hyzmaty onlaýn görnüşde e.gov.tm saýtynda elýeterlidir

Iýun 28, 2025 | 14:38 |5266
Türkmenistanda döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşde hödürlemek ulgamy çalt depginde ösýär. Häzirki wagtda Bitewi Döwlet hyzmatlary portaly — e.gov.tm arkaly takmynan 150 dürli döwlet hyzmatyndan onlaýn peýdalanmak mümkinçiligi bar.Türkmenistanda döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşde hödürlemek ulgamy çalt depginde ösýär. Häzirki wagtda Bitewi Döwlet hyzmatlary portaly — e.gov.tm arkaly takmynan 150 dürli döwlet hyzmatyndan onlaýn peýdalanmak mümkinçiligi bar.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşde hödürlemek ulgamy çalt depginde ösýär. Häzirki wagtda Bitewi Döwlet hyzmatlary portaly — e.gov.tm arkaly takmynan 150 dürli döwlet hyzmatyndan onlaýn peýdalanmak mümkinçiligi bar.

Portal arkaly ýurdumyzyň ýaşaýjylary aşakdaky ugurlar boýunça uzak aralykdan hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler: aragatnaşyk; bilim; saglygy goraýyş; pasport resminamalarynyň taýýarlanylmagy; ulag, logistika we gümrük hyzmatlary; jemagat hyzmatlary; ykdysadyýet, bank we maliýe ulgamy; hukuk kömegi; maşgala we çagalar; iş üpjünçiligi; mahabat hyzmatlary; ygtyýarnama (lisenziýalaşdyrma); sport we medeniýet; milli elektron aragatnaşyk ulgamlarynyň döwlet sanawy; kazyýet ulgamynyň onlaýn hyzmatlary.

Her bir bölüm öz tematikasyna laýyklykda birnäçe hyzmatlary birleşdirýär, bu bolsa raýatlara we guramalara resminamalaryň, kepilnamalaryň, şahadatnamalaryň resmileşdirilmeginden başlap, dürli maglumatlaryň we maglumatnamalaryň alyş-çalyşyna çenli meseleleri uzak aralykdan çözmäge mümkinçilik berýär.

e.gov.tm portaly döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmaga we olaryň has aňsat görnüşde alynmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026