HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ussatlary Aktau şäherinde geçirilýän halkara senetçilik festiwalyna gatnaşýarlar

Iýun 28, 2025 | 14:08 |4765
Şu gün, 28-nji iýunda, Gazagystanyň Aktau şäherinde «Dalamen ündes baba sungaty» atly halkara senetçilik festiwaly başlandy. Bu festiwal dürli ýurtlardan gelen ussatlary we myhmanlary bir ýere jemledi.Şu gün, 28-nji iýunda, Gazagystanyň Aktau şäherinde «Dalamen ündes baba sungaty» atly halkara senetçilik festiwaly başlandy. Bu festiwal dürli ýurtlardan gelen ussatlary we myhmanlary bir ýere jemledi.
Çeşme: lada.kz

Şu gün, 28-nji iýunda, Gazagystanyň Aktau şäherinde «Dalamen ündes baba sungaty» atly halkara senetçilik festiwaly başlandy. Bu festiwal dürli ýurtlardan gelen ussatlary we myhmanlary bir ýere jemledi.

Lada.kz saýtynyñ habar bermegine görä, festiwala gatnaşýanlaryň arasynda türkmen ussatlary hem bar. Olar özleriniň milli senetçilik sungatyny Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen kärdeşleri bilen bilelikde görkezýärler.

Mundan başga-da, festiwala Wengriýadan, Türkiýeden, Başgyrdystandan, Mongoliýadan gelen zergärler we modelýerler, şeýle-de Kalmykiýadan, Tuwadan we Çuwaşiýadan gelen ussatlar gatnaşýarlar.

Gündizki wagtlarda senetçilik we zergärçilik önümleriniň ýarmarkasy, ussatlyk sapaklary geçirilýär. Agşam bolsa egin-eşik kolleksiýalarynyň sergisi meýilleşdirilýär.

Festiwal ertir, 29-njy iýunda agşam tamamlanar. Türkmen ussatlarynyň gatnaşmagy baý medeni mirasy açyp görkezýär we ýurtlaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026