HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna taýýar

Iýun 27, 2025 | 23:10 |6425
27-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi27-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi
Çeşme: kawasaki.com

27-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we öz kompaniýasynyň Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertlere we ýurduň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak babatda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany Kendzi Sanada saparynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.Söhbetdeşlikde işewür toparlaryň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň netijesinde hil taýdan täze derejä çykarylýan Ýaponiýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýeti bellendi. Iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly,Türkmenistan “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär we bu kompaniýanyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Prezident Türkmenistanyň täze ugurlar boýunça kompaniýa bilen hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de açykdygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026