HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenfilm” täze kino eseri bilen tanyşdyrdy

Iýun 27, 2025 | 15:08 |4079
“Türkmenfilm” birleşiginiň döredijilik topary tarapyndan düşürilen “Parahatlyk aýdymy” atly täze filmiň ilkinji görkezilişi boldy.“Türkmenfilm” birleşiginiň döredijilik topary tarapyndan düşürilen “Parahatlyk aýdymy” atly täze filmiň ilkinji görkezilişi boldy.
Çeşme: turkmenmetmugat.gov.tm

Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň ýanyndaky Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredijilik topary tarapyndan düşürilen “Parahatlyk aýdymy” atly täze filmiň ilkinji görkezilişi boldy.

Film Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, jemgyýetiň aňynda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda hoşniýetlilik, özara düşünişmek we ylalaşmak ýaly gymmatlyklary berkitmäge gönükdirilendir. “Türkmenfilm” birleşiginiň bölüm müdiri Öre Daşkynowyň aýtmagyna görä, eser her bir türkmenistanla ýakyn bolan alamatlar bilen dolydyr. Olaryň arasynda asudalygyň we parahat durmuşyň nyşany garlawajyň keşbi bilen suratlandyrylýar.

Filme konserwatoriýanyň ýaş talyby Laçynyň keşbini janlandyran Oguljahan Meretdurdyýewa ýaly tanymal aktýorlar gatnaşdy. Onuň aýtmagyna görä, ýerine ýetiren bu keşbi aýratyn ähmiýete eýe bolup, ekranlarda baş gahrymanyň sazy we keşbi arkaly sazlaşyk hem-de gözellik baradaky arzuwlary açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026