HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-de Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen özara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Iýun 26, 2025 | 23:45 |3401
Türkmenistanyň DIM-de  ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) täze bellenen Ýerine ýetiriji direktory Batyr Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Dialogda daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldyTürkmenistanyň DIM-de  ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) täze bellenen Ýerine ýetiriji direktory Batyr Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Dialogda daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň DIM-de ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) täze bellenen Ýerine ýetiriji direktory Batyr Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Dialogda daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy bilelikdäki tagallalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna, Kioto teswirnamasyna we Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistanyň öz üstüne alan ähli borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigi aýratyn nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garadylar we Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

turkmenistan-i-recca (2).jpg

CAREC Taslama Ofisiniň Türkmenistandaky işjeň we netijeli işi aýratyn bellendi. Onuň alyp barýan işleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tebigaty goramak we suw boýunça pudak edaralarynyň arasynda sebitleýin dialoga goşant goşýar.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen CAREC-iň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler. Munuň özi bolsa umumy ekologiýa meselelerini çözmekde has ýakyn hyzmatdaşlyga ýol açýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026