HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Iýun 26, 2025 | 10:08 |4345
2025-nji ýylyñ 4-nji iýulynda Aşgabatdaky Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.2025-nji ýylyñ 4-nji iýulynda Aşgabatdaky Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyñ 4-nji iýulynda Aşgabatdaky Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.

Çäre sagat 09:00-dan 12:00-e çenli Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde geçiriler.

Hödürleniş çäresi ilatyñ iş bilen üpjün edilmegine hem-de iş üpjüncilik mümkinçilikleriniñ giñeldilmegine gönükdirilendir. Agzalan çärä kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň wekilleriniň hem-de hususy telekeçileriň özlerinde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyñ 1-nji iýulyna çenli berip bilerler.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy (pasport), eger bar bolsa, zähmet depderçesi bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryna çagyrylýar.

Goşmaça maglumat üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bipersiñiz:

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi; tel: 39-34-56;

Bagtyýarlyk etraby; tel: 39-34-64;

Berkararlyk etraby; tel: 39-34-71;

Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy); tel: 35-12-69;

Köpetdag etraby; tel: 39-34-76;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ Aşgabat şäher komiteti (S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy); tel: 22-74-07.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026