HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisi Gruziýanyň Şota Rustaweli adyndaky Milli teatrynyň Direktory bilen duşuşdy

Iýun 26, 2025 | 19:10 |5222
2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Şota Rustaweli adyndaky Milli teatrynyň Direktory G.Tewzadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Şota Rustaweli adyndaky Milli teatrynyň Direktory G.Tewzadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Şota Rustaweli adyndaky Milli teatrynyň Direktory G.Tewzadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar sunagtyň gadymy görnüşleriniň biri bolup durýan teatryň halklaryň taryhynyň we däp dessurlarynyň aýrylmaz bölegidigini, şeýle hem medeni mirasy öňe sürmekde we ony gorap saklamakda jemgyýetiň medeni durmuşynda uly mana eýedigini belläp geçdiler.

Ilçi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çäreler hakynda G.Tewzadze gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bilelikde medeni çäreleri geçirmegi hem ylalaşdylar.

1

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň teatrlarynyň arasynda göni aragatnaşygyň we hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň medeni gatnaşyklaryň giňelmegine hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Saparyň dowamynda Direktor Ilçini teatrynyň taryhy, onuň alyp barýan işi, döredijilik taslamalary we başlangyçlary, şeýle hem tomaşa zallary bilen tanyşdyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026