HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesini paýhas bilen saýlamagyna uly hormat bilen garaýar

Iýun 25, 2025 | 23:47 |5640
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň DIM-niň işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Duşuşyk 25-nji iýunda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirildiRussiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň DIM-niň işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Duşuşyk 25-nji iýunda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň DIM-niň işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Duşuşyk 25-nji iýunda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirildi.

Ministr dünýä syýasatynyň soňky tendensiýalary baradaky öz garaýyşlaryny paýlaşdy we dürli ugurlar boýunça türkmen-rus gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilişi barada gürrüň berdi.

Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda ýurduň halkara giňişliginde alyp barýan işine ýokary baha berdi. Türkmenistan Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek biragyzdan ykrar edilen ýeke-täk ýurtdur diýip, RF-iň DIM-niň ýolbaşçysy belledi.

“Türkmenistanyň birleşdirmäge gönükdirilen “Dialog-parahatçylygyň kepili»; “Merkezi Aziýa-parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; ýaly halkara başlangyçlary we şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi sebitde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşmagyny dowam etdirýär” – diýip, ministr Lawrow belledi.

Çykyşyň dowamynda Ýakyn Gündogardaky emele gelen ýagdaý bilen baglanyşykly Russiýanyň raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna beren dessin ýardamy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna rus tarapynyň adyndan minnetdarlyk bildirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Çykyşyň ahyrynda sorag-jogap alyşmalar geçirildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026