HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda 2025-nji ýylyň ŞHG-niň Halk diplomatiýasy we dogan şäherleriniň forumy geçiriler

Iýun 26, 2025 | 15:52 |7985
2025-nji ýylyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Halk diplomatiýasy we dogan şäherleriniň forumy 3-5-nji iýul aralygynda Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Lýaonin welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Şenýan şäherinde geçiriler.2025-nji ýylyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Halk diplomatiýasy we dogan şäherleriniň forumy 3-5-nji iýul aralygynda Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Lýaonin welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Şenýan şäherinde geçiriler.
Çeşme: gnfccsco.com

2025-nji ýylyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Halk diplomatiýasy we dogan şäherleriniň forumy 3-5-nji iýul aralygynda Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Lýaonin welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Şenýan şäherinde geçiriler.

“Halk dostlugynyň çuňlaşdyrylmagy we durnukly ösüşiň öňe sürülmegi” atly çärä ŞHG-niň 20 ýurdundan gowrak, takmynan, 400 myhman gatnaşar. Forumyň çäklerinde ŞHG ýurtlarynyň çagalaryň surat işlerinden ybarat bolan sergi, ŞHG ýurtlarynyň halk dostlugy we alyş-çalyşy babatda gazanan üstünlikleriniň sergisi, şeýle hem ylmy-tehniki innowasiýalar we öňdebaryjy önümçilik gazananlarynyň sergisi guralar.

Forumyň gün tertibine dogan şäherleriniň arasynda alyş-çalyş we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda, ýaşlaryň arasynda ylmy-tehniki innowasiýalar we öňdebaryjy önümçilik boýunça, şeýle hem hytaý halkynyň ýapon basybalyjylaryna garşy uruşda gazanan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan kiçiräk maslahatlar geçiriler.

Çäräniň dowamynda ŞHG ýurtlarynyň arasynda halk alyş-çalyşyň durnukly ösüşi boýunça hereketler babatda ylalaşyklarynyň hem-de forumyň netijeleri boýunça Şenýan başlangyjynyň neşir edilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, degişli guramalar we şäherler arasynda doganlyk gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakyndaky niýetler barada birnäçe ylalaşyklara we beýanlara gol çekiler.

Forumyň guramaçylary bolup ŞHG-niň Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça Hytaý komiteti, Hytaýyň daşary ýurt bilen halk dostluk jemgyýeti we Lýaonin welaýatynyň halk hökümeti çykyş eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026