HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýa Respublikasynyň senatory bilen duşuşyk geçirildi

Iýun 25, 2025 | 14:30 |4254
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýa Respublikasynyň senatory hanym Samanta Kazebonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň duşuşygy geçirildi.2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýa Respublikasynyň senatory hanym Samanta Kazebonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň duşuşygy geçirildi.
Çeşme: mejlis.gov.tm

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýa Respublikasynyň senatory hanym Samanta Kazebonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly gol çekilen resminamanyň Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi barada nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýdyldy.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket etmeginiň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda energiýa, suw serişdelerini dolandyrmak, oba hojalygy, infrastruktura we şäher gurluşygy, arheologiýa, fransuz dilini öwretmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Şunuň bilen birlikde, türkmenistanly ýaşlaryň Fransiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde öz bilimlerini artdyrýandyklary, ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okaýan talyplara, umumybilim edaralarynyň birnäçesinde bilim alýan okuwçylara fransuz diliniň öwredilýändigi barada aýdyldy.

Taraplar iki ýurduň arasynda işjeň häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026
Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

22:45 Oktýabr 01, 2026
Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

22:31 Oktýabr 01, 2026