HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly tälimçi Ýewropanyň futbol klubyna ýolbaşçylyk edýär

Iýun 25, 2025 | 13:48 |5382
Türkmen hünärmeni Mergen Orazow Litwanyň “Daýnawa” futbol klubynyň baş tälimçisi hökmünde bellendi.Türkmen hünärmeni Mergen Orazow Litwanyň “Daýnawa” futbol klubynyň baş tälimçisi hökmünde bellendi.
Çeşme: fergana.agency

Türkmen hünärmeni Mergen Orazow Litwanyň “Daýnawa” futbol klubynyň baş tälimçisi hökmünde bellendi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.

Orazowyň ýewropa klubyna geçmekligi bu onuň hünär ösüşiniň täze tapgyrydyr. Tälimçiniň öňünde topara milli birinjilikde orunlaryny berkitmäge ýardam etmek wezipesi dur. Geçen möwsüm Ýewropanyň kuboklaryna gatnaşmaga dalaş eden “Daýnawa” häzirki wagtda aňsat bolmadyk ýaryş ýagdaýdadyr. Ol 16 tapgyrdan soň, dört utuk bilen iň soňky ýeri eýeleýär. Möwsümiň ahyryna çenli 11 duşuşyk galdy. Onda bolsa litwa kluby oňaýly üýtgemelere garaşýar.

Mergen Orazow öňki profesional futzalçy bolup, öz hünär ýoluna “Altyn Asyr” futbol klubynda kömekçi hökmünde başlady. Soňra ol “Köpetdag” we “Ahal” toparlaryna ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Ahal” Türkmenistanyň çempiony boldy hem-de ýurdumyzyň Kubogynyň we Superkubogynyň eýesi boldy. 2023-nji ýylda Orazow Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk edip başlady. Şeýle hem, ol Ispaniýanyň “Wilýarreal” akademiýasynda we Portugaliýanyň milli ýygyndysynda taýýarlyk geçdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026