HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan elektrik energiýa eksportyny ösdürýär: Daşoguzda döwrebaplaşdyrmak işleri

Iýun 25, 2025 | 11:48 |4162
Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan, iki sany gaz turbinaly bu stansiýanyň öndürýän elektrik energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşary beýleki ýurtlara hem iberilýär.Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan, iki sany gaz turbinaly bu stansiýanyň öndürýän elektrik energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşary beýleki ýurtlara hem iberilýär.
Çeşme: orient.tm

Demirgazyk sebitiň iri kärhanalarynyň biri hasaplanýan «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginde içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek boýunça göwnejaý işler alnyp barylýar.

Bu birleşigiň hasabynda dürli kuwwatlykly transformator beketleriniň 3400-den gowragy, elektrik geçiriji ulgamyň bolsa 330-dan gowragy bolup, olar arkaly welaýatyň ilaty, sarp edijiler gije-gündiziň dowamynda elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilýär.

Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan, iki sany gaz turbinaly bu stansiýanyň öndürýän elektrik energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşary beýleki ýurtlara hem iberilýär. Sebitde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäginde ýakyn geljekde bu elektrik stansiýasyny ýönekeý dolanyşykdan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bu çäreler tebigy gazy sarp etmezden, goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň möçberini ep-esli azaltmaga, ekologiýa howpsuzlygyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berer. Halkalaýyn energoulgamyň Balkan — Daşoguz ugry boýunça iki zynjyrly, ýokary woltly elektrik geçirijisiniň açylyp, welaýatyň bitewi energetika halkasyna birleşdirilmegi bu taslamalaryň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.

Bu bolsa goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegine, ilatyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegine, pudagyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyna täze şertleri döredýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026