HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maglumatlary işleýiş merkezleri üçin ýokary tizlikli XDC optiki aragatnaşyk ulgamy

Iýun 23, 2025 | 09:25 |4423
X Display Company (XDC) kompaniýasy täsin simsiz optiki aragatnaşyk tehnologiýasyny hödürledi. Ol bir sekutda 1 mln kadra çenli tizlikde maglumatlary geçirmäge ukyplydyrX Display Company (XDC) kompaniýasy täsin simsiz optiki aragatnaşyk tehnologiýasyny hödürledi. Ol bir sekutda 1 mln kadra çenli tizlikde maglumatlary geçirmäge ukyplydyr
Çeşme: Unsplash

X Display Company (XDC) kompaniýasy täsin simsiz optiki aragatnaşyk tehnologiýasyny hödürledi. Ol bir sekutda 1 mln kadra çenli tizlikde maglumatlary geçirmäge ukyplydyr. Adaty kabelleriň ýerine bu ulgam geçiriji hökmünde ýokary çaltlykdaky microLed-displeýini hem-de kabul ediji hökmünde ýokary tizlikli kamerany ulanyp, enjamlaryň arasynda çalt aragatnaşygy üpjün edýär.

Bu işläp taýýarlama maglumatlary işleýiş merkezleri üçin niýetlenen. Ol ýerde bu tehnologiýa 1 Tbit/s çenli geçirijilik ukybyna ýetip, häzirki zaman ulgam çözgütleriniň köpüsinden öňe geçmegini wada berýär. XDC tehnologiýasynyň esasy artkymaçlyklary – ýokary energiýa netijeliligi (häzirki bar bolan 800G standartlaryndan 2-3 esse gowy) hem-de gymmat bahaly kabelleriň zerur bolmazlygy. Bu bolsa ýaýbaňlandyrmany we infrastruktura hyzmatlaryny aňsatlaşdyrýar.

XDC-iň aýtmagyna görä, bu optiki hasaplamalar we has çeýe, gerimli ulgam çözgütleri üçin gapylary açýar. Emma bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy MIM-niň bar bolan infratsrukturasynyň ep-esli derejede döwrebaplaşdyrylmagyny talap eder. Entek onuň ulanyş ugry belli bolmasa-da, maglumatlary geçirmek transformasiýasy üçin onuň mümkinçiligi aýdyňdyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026