HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Katar Erkin ykdysady zolagynda duşuşyk geçirildi

Iýun 21, 2025 | 15:10 |4418
Katar Erkin ykdysady zolagynyň başlygy (QFZ) Şeýh Muhammed bin Faýsal Al Tani bilen Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmamedowyň duşuşygy geçirildi.Katar Erkin ykdysady zolagynyň başlygy (QFZ) Şeýh Muhammed bin Faýsal Al Tani bilen Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmamedowyň duşuşygy geçirildi.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 19-njy iýunynda Katar Erkin ykdysady zolagynyň başlygy (QFZ) Şeýh Muhammed bin Faýsal Al Tani bilen Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmamedowyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, mahriban diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara çäreler barada belläp geçdi.

Katar Erkin ykdysady zolagynyň başlygy (QFZ) Şeýh Muhammed bin Faýsal Al Tani duşuşygyň dowamynda, Hamad halkara howa menziliniň ýakynynda ýerleşen “Ras Bufontas Free Zone” bu ýokary tehnologiýaly sanlaşdyrylan ugurlar arkaly iş dolanşygy ýola goýulan ýöriteleşdirilen zolak bolup, Kataryň “QFZ” häzirki zaman halkara ykdysady platformalarynyň talaplaryna doly laýyk gelýän, işewürlik üçin amatly şertleri üpjün edýän hem-de innowasiýa esasly ösüşi höweslendirýän möhüm merkezleriň biri bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem, taraplar geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda ykdysady we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi hem-de degişli edaralaryň arasynda tejribe alyşmak babatyndaky degişli meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026