HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Bahreýniň raýatlaryny Eýrandan ewakuasiýa etmäge ýardam berýär

Iýun 19, 2025 | 03:20 |4047
Türkmenistan, Eýrandandaky Bahreýn Patyşalygynyň raýatlaryny ewakuasiýa etmek, öz watanyna gaýdyp barmaklary üçin öz çäginden rahat we howpsuz geçmegi üpjün etmek üçin ynsanperwer işlere gatnaşmaga doly taýýardygyny mälim etdiTürkmenistan, Eýrandandaky Bahreýn Patyşalygynyň raýatlaryny ewakuasiýa etmek, öz watanyna gaýdyp barmaklary üçin öz çäginden rahat we howpsuz geçmegi üpjün etmek üçin ynsanperwer işlere gatnaşmaga doly taýýardygyny mälim etdi
Çeşme: mofa.gov.bh

Türkmenistan, Eýrandandaky Bahreýn Patyşalygynyň raýatlaryny ewakuasiýa etmek, öz watanyna gaýdyp barmaklary üçin öz çäginden rahat we howpsuz geçmegi üpjün etmek üçin ynsanperwer işlere gatnaşmaga doly taýýardygyny mälim etdi.

Bu 17-nji iýunda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bahreýniň Daşary işler ministri Abdullatif bin Raşid Al Zaýaniniň arasynda geçirilen telefon arkaly şöhbetdeşligiň esasy temasy boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli taraplaryny, şeýle hem ýokarda agzalan ewakuasiýany ýeňilleşdirmek üçin özara gatnaşyklaryň we bilelikdäki tagallary utgaşdyrmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Meredow öz ýurdunyň ähli päsgelçilikleri ýeňip geçmäge we Eýrandaky Bahreýniň raýatlary üçin Türkmenistana girişi ýeňilleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem, Türkmenistaniň çäginde rahatlygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de Bahreýn Patyşalygyna päsgelçiliksiz gitmek üçin ähli zerur çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy.

Öz gezeginde Bahreýniň Daşary işler ministri şeýle asylly we dessin wezipesi üçin Türkmenistana çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Bu hereketiň, iki ýurdy baglanyşdyrýan ýakyn gatnaşyklaryň çuňlugyny we güýjüni görkezýändigini aýdyp, Türkmenistana we onuň halkyna howpsuzlyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi diýip, Bahreýniň DIM-i habar berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

22:05 Oktýabr 02, 2026
Ýangyç üçin bahalaryň rekord derejede ýokarlanmagy sebäpli Ýewropa ýurtlary çäreleri görýärler

Ýangyç üçin bahalaryň rekord derejede ýokarlanmagy sebäpli Ýewropa ýurtlary çäreleri görýärler

22:00 Oktýabr 02, 2026
Alymlar dünýäde iň ýuka linzany döretdiler — onuň galyňlygy bary-ýogy üç atom

Alymlar dünýäde iň ýuka linzany döretdiler — onuň galyňlygy bary-ýogy üç atom

20:25 Oktýabr 02, 2026