HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan: Eýrandan gelýänlere üstaşyr geçmek üçin ynsanperwerlik geçelgesini üznüksiz üpjün edýär

Iýun 19, 2025 | 03:40 |6201
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýrandan gelip, öz ýurtlaryna gidýän daşary ýurt raýatlary üçin gije-gündizleýin ynsanperwerlik geçelgesini üpjün etmegini dowam etdirýändigini mälim edýär. Bu üznüksiz iş, Türkmenistanyň raýdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýärTürkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýrandan gelip, öz ýurtlaryna gidýän daşary ýurt raýatlary üçin gije-gündizleýin ynsanperwerlik geçelgesini üpjün etmegini dowam etdirýändigini mälim edýär. Bu üznüksiz iş, Türkmenistanyň raýdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýrandan gelip, öz ýurtlaryna gidýän daşary ýurt raýatlary üçin gije-gündizleýin ynsanperwerlik geçelgesini üpjün etmegini dowam etdirýändigini mälim edýär. Bu üznüksiz iş, Türkmenistanyň raýdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi. Türkmen häkimiýeti bu raýatlaryň päsgelçiliksiz üstaşyr geçmegi üçin ähli zerur çäreleri görýärler, watanyna howpsuz we rahat dolanmagyny üpjün edýärler.

Bu uly göwrümli ynsanperwerlik işi, Aşgabatda akkreditlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen ýakyndan we netijeli hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Bu yzygiderli hereketler, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň, şeýle hem halkara jemgyýetçiligine möhüm ynsanperwerlik meselelerini çözmekde işjeň ýardam bermäge taýýardygyny görkezýär.

Ozal biz Türkmenistanyň hem Bahreýniň raýatlaryny Eýrandan ewakuasiýa etmek üçin ýardam bermäge taýýardygyny habar berdik .

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

22:05 Oktýabr 02, 2026
Ýangyç üçin bahalaryň rekord derejede ýokarlanmagy sebäpli Ýewropa ýurtlary çäreleri görýärler

Ýangyç üçin bahalaryň rekord derejede ýokarlanmagy sebäpli Ýewropa ýurtlary çäreleri görýärler

22:00 Oktýabr 02, 2026
Alymlar dünýäde iň ýuka linzany döretdiler — onuň galyňlygy bary-ýogy üç atom

Alymlar dünýäde iň ýuka linzany döretdiler — onuň galyňlygy bary-ýogy üç atom

20:25 Oktýabr 02, 2026