HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ŞHG-2025 kinofestiwaly Hytaýyň Ýunçuan şäherinde geçiriler

Iýun 19, 2025 | 15:55 |6229
2025-nji ýylyň 3-7-nji iýuly aralygynda Çunsin şäheriniň Ýunçuan etrabynda (Günorta-Günbatar Hytaý) Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň kinofestiwaly geçiriler.2025-nji ýylyň 3-7-nji iýuly aralygynda Çunsin şäheriniň Ýunçuan etrabynda (Günorta-Günbatar Hytaý) Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň kinofestiwaly geçiriler.
Çeşme: gnfccsco.com

2025-nji ýylyň 3-7-nji iýuly aralygynda Çunsin şäheriniň Ýunçuan etrabynda (Günorta-Günbatar Hytaý) Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň kinofestiwaly geçiriler.

Çäräniň esasy maksady ŞHG-ä gatnaşyjy-döwletleriň arasynda medeni alyş-çalyşlary we hyzmatdaşlygy ösdürmek bolar diýip, guramaçylar bellediler.

Festiwalyň maksatnamasy 11 sany esasy çäräni öz içine alýar: filmleriň görkezilişi, hyzmatdaşlyk forumlary, kinotehnologiýalar sergisi, şeýle hem dabaraly konsert. Festiwalyň çäklerinde on sany barýak, şol sanda “Iň gowy film” we “Iň gowy režissýor” ýaly baýraklar gowşurylar.

Guramaçylyk toparynyň maglumatlaryna laýyklykda, festiwala gatnaşmak üçin ŞHG-ä gatnaşyjy-ýurtlardan 27 film hödürlendi. Saýlap alnan kino eserler bäsleşik maksatnamasynyň çäklerinde tomaşaçylara görkeziler.

Soňky ýyllarda Ýunçuan etraby Hytaýyň kino industirýasynyň merkezleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde 100-den gowrak kino studiýasy hem-de kino we telewideniýe kompaniýalary iş alyp barýar, şeýle hem öňdebaryjy önümçilik meýdançalar ýerleşen – şol sanda 3 000 inedördül metr meýdana eýe bolan wirtual studiýa we 5 000 inedördül metr meýdana eýe bolan standart ýazuw pawilýony bar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

18:18 Awgust 27, 2026
Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

18:12 Awgust 27, 2026
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026