HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly uniwersiteti şu ýyl 1,7 müñden gowrak hünärmenleri çykardy

Iýun 19, 2025 | 12:45 |3474
17-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bu baýry ýokary bilim ojagyny 2024-2025-nji okuw ýylynda tamamlaýan uçurymlaryň gutardyş dabarasy geçirildi.17-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bu baýry ýokary bilim ojagyny 2024-2025-nji okuw ýylynda tamamlaýan uçurymlaryň gutardyş dabarasy geçirildi.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

17-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bu baýry ýokary bilim ojagyny 2024-2025-nji okuw ýylynda tamamlaýan uçurymlaryň gutardyş dabarasy geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hünärleriň 33-si boýunça 1748 uçurym tamamlaýar. Olaryň 1674-si hünärmen, 50-sy bakalawr, 24-si magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilime eýe boldular.

Dabara ýurdumyzyň ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryndan ybarat Jemleýji döwlet synag toparlarynyň başlyklary, uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr uçurymlary gatnaşdylar.

Ilki bilen çykyşlara orun berlip, olaryň dowamynda 90 ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlaryndan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşýan baýry ylym-bilim ojagynda talyplaryň bellenen dersler boýunça döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyryp, özleşdiren bilimleriniň, hünär başarnyklarynyň netijesini görkezýändiklerine üns çekildi.

Dabarada ýaşlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly hem netijeli zähmet çekjekdiklerine ynam bildirdiler.

Dabarada tapawutly we göreldeli okan, döwlet hem-de halkara derejesinde ders, ylmy-taslama, döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan, sport ýaryşlarynda, medeni-jemgyýetçilik çärelerinde işjeňlik görkezen uçurymlara Minnetdarlyk hatlary, uniwersitetiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň höwesjeňleriniň hem-de uçurym talyplaryň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazlar, tanslar, okalan goşgular bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026