HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Oguz hanyň zehinli nesilleri”: Türkmenistanda innowasion olimpiada

Iýun 18, 2025 | 15:30 |4601
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadany geçirdiTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadany geçirdi
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadany geçirdi. Bu başlangyç bilim derejesini ýokarlandyrmaga, ýaş ösüp gelýän nesliň arasynda zehinlileri ýüze çykarmaga hem-de ylma bolan höweslerini artdyrmaga gönükdirildi. Halkara standartlaryna laýyk gelýän olimpiada diňe bir ders bäsleşigi bolman, eýsem ol ýaşlaryň aň-düşünjesini, ylmy we döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin doly manydaky meýdança öwrüldi.

Şu ýyl olimpiada müňlerçe mekdep okuwçylaryny jemledi: birinji tapgyrdaky 9-12-nji synp okuwçylarynyň 2500-den ikinji tapgyra 1000-si, jemleýji tapgyra bolsa iň zehinli 60 sany okuwçy geçmegi başardy. Olar üçin uniwersitet diňe bir ýaryşlary däl-de, eýsem intensiw ylmy maksatnamasyny hem taýýarlady: döwrebap barlaghanalarda amaly sapaklar, tanymal daşary ýurtly professorlaryň umumy sapaklary we robototehnika boýunça işler. Gatnaşyjylar uniwersitetiň üstünlikli talyplary bilen hem gürrüňdeş boldylar. Bu bolsa olary şahsy ylmy barlaglary geçirmäge ruhlandyrdy.

Taslamanyň netijeliligi olimpiadamyň öňki gatnaşyjylarynyň eýýäm bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýandyklary bilen tassyklanylýar. “Oguz hanyň zehinli nesilleri” – bu möhüm çäre bolup, ol ýaş nesilde innowasion aň-düşünjäni emele getirmek bilen, olara ertirki güne ynam berip, ýurdumyz üçin geljekki hünärmenleri taýýarlaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026