HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý alymlary giperýokary tizlikli tehnologiýalar üçin ýokary temperatura durnukly täsin material döretdiler

Iýun 18, 2025 | 14:35 |5334
Hytaý alymlary ýokary temperaturalara çydamly täze keramiki kompoziti işläp taýýarlamak bilen uly ylmy-tehnologik öňegidişlige ýetdiler. Bu material +3600°C-dan hem ýokary temperaturalara çydap bilýärHytaý alymlary ýokary temperaturalara çydamly täze keramiki kompoziti işläp taýýarlamak bilen uly ylmy-tehnologik öňegidişlige ýetdiler. Bu material +3600°C-dan hem ýokary temperaturalara çydap bilýär
Çeşme: Recraft

Hytaý alymlary ýokary temperaturalara çydamly täze keramiki kompoziti işläp taýýarlamak bilen uly ylmy-tehnologik öňegidişlige ýetdiler. Bu material +3600°C-dan hem ýokary temperaturalara çydap bilýär. Munuň özi häzirki zaman ýylylykdan goraýan ulgamlaryň, meselem, SpaceX-iň Starship kosmos gämisiniň gorag ulgamynyň mümkinçiliginden diýen ýaly üç esse ýokarydyr. Bu açyş giperýokary tizlikli uçýan enjamlary döretmek üçin täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar – olar atmosfera içinde güýçli gyzmagyna garamazdan dargamaýar.

Täze material seýrek duş gelýän elementleriň – wolfram, tantal we gafniniň goşulmagy bilen karbidleriň esasynda döredildi. Onuň aýratynlygy gurluşynda jemlenýär: berk wolfram esasy ýokary dykyzlykda himiki taýdan durnukly oksid gatlagy bilen gurşalan. Bu gurluş materialy oksidlenmeden goraýar we hatda ony 3800°C çenli gyzdyryp bilýän lazer täsirinde hem bitewiligini saklamaga mümkinçilik berýär.

1

Mundan ozal şeýle materiallar diňe nazaryýetde bardy. Indi bolsa ol güýçli lazer synaglarynda üstünlikli barlagdan geçýär, bu bolsa iň amatly düzümi tapmak işini ep-esli çaltlaşdyrdy.

Bu açyş diňe bir awiasiýa üçin däl, eýsem kosmos ulgamy, energetika, mikroçip önümçiligi we harby ulgam ýaly ugurlarda hem möhüm ähmiýete eýedir – hususan-da, täze nesil giperýokary tizlikli ýaraglary döretmek üçin peýdaly bolup biler.

Häzirki wagtda alymlar senagat bilen bilelikde bu materialyň önümçiligini ýola goýmak we çykdajylary azaltmak ugrunda işleýärler. Şeýle-de, materialyň häsiýetlerini has-da ýokarlandyrmak üçin algoritmleri ulanýarlar. Bu ägirt uly öňegidişlik ýokary temperatura çydamly materiallar we giperýokary tizlikli tehnologiýalar ulgamyndaky dünýä deňagramlylygyny üýtgedip biler – şeýlelik bilen, örän ýokary tizlikli uçýan enjamlaryň geljegi has-da ýakynlaşýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

13:22 Awgust 01, 2026
Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

19:30 Iýul 31, 2026
Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

15:15 Iýul 31, 2026