Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HKC dünýäniñ ilkinji 800 Gs oýun monitoryny hödürledi

Iýun 17, 2025 | 14:52 |7455
Hytaýyň HKC kompaniýasy dünýäniñ ilkinji 800 Gs täzeleniş ýygylygyna eýe bolan oýun monitoryny hödürledi. Bu görkeziji häzirki zaman TN we OLED ekranlaryndan ep-esli ýokarydyrHytaýyň HKC kompaniýasy dünýäniñ ilkinji 800 Gs täzeleniş ýygylygyna eýe bolan oýun monitoryny hödürledi. Bu görkeziji häzirki zaman TN we OLED ekranlaryndan ep-esli ýokarydyr
Çeşme: HKC

Hytaýyň HKC kompaniýasy dünýäniñ ilkinji 800 Gs täzeleniş ýygylygyna eýe bolan oýun monitoryny hödürläp, uly ädim ätdi. Bu görkeziji häzirki zaman TN we OLED ekranlaryndan ep-esli ýokarydyr.

Bu tizlige ýetmek üçin HKC miniLED yşyklandyryşy we kwant nokatlaryny ulanýan täze FSA VA matrisasyny ulandy.

Monitoryň ekrany 24,5 dýuým ölçegde bolup, 1080p çözgütde görkezýär. Ol 1200 nit ýokary ýagtylyk derejesine we 4000:1 kontrast derejesine eýedir. Monitor 10-bit reňkleri, ΔE<1,5 reňk takyklygyny we çuň gara reňk üçin 1152 sany lokal garaňkylyk zolagyny hödürleýär. Jogap wagty bary-ýogy 0,5 millisekuntdyr.

Enjam Nvidia G-Sync, AMD FreeSync Premium Pro tehnologiýalaryny goldaýar we VESA DisplayHDR HDR1000 şahadatnamasyna eýedir.

HKC bu täze enjamy talap edýän oýunçylar we kiber-türgenler üçin niýetlenendigini belleýär. Häzirki wagtda onuň elýeterliligi we bahasy barada maglumat ýok.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026