Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täsirli açyş: passiw sowatmak tehnologiýasy maglumat merkezleriniň energiýa sarp edilişini azaldar

Iýun 17, 2025 | 14:45 |4370
Kaliforniýa uniwersitetiniň (San-Diego) inženerleri maglumat merkezleri we güýçli elektronika üçin energiýa tygşytlaýan täsin sowatma tehnologiýasyny işläp taýýarladylarKaliforniýa uniwersitetiniň (San-Diego) inženerleri maglumat merkezleri we güýçli elektronika üçin energiýa tygşytlaýan täsin sowatma tehnologiýasyny işläp taýýarladylar
Çeşme: Tianshi Feng

Kaliforniýa uniwersitetiniň (San-Diego) inženerleri maglumat merkezleri we güýçli elektronika üçin energiýa tygşytlaýan täsin sowatma tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Bu möhüm açyş, sebäbi häzirki wagtda maglumat merkezlerinde sowatma ulgamlary umumy energiýanyň 40%-e çenli sarp edýär, we bu görkezijiniň 2030-njy ýyla çenli iki esse artmagy mümkin. Bu meseläniň çözgüdi — ýylylygy bugarmanyň hasabyna passiw ýagdaýda sowadýan ýörite membrana. Ol arzan bahaly süýümli materialdan taýýarlanýar we içinde örän ownuk gözenekler bar. Gözenekler kapillýar täsiri arkaly suwuklygy netijeli paýlaýar. Bu bolsa elektronika enjamlaryndan ýylylygy goşmaça energiýa sarp etmezden sowatmaga mümkinçilik berýär.

Täze usul adaty wentilýatorlardan we sorujylardan has netijeli bolup çykdy we olarda ulanylýan suwuň mukdary hem ep-esli azaldy. Taslama ýolbaşçylyk eden professor Renkun Çen membrananyň gözenekleriniň ölçegi we gurluşynyň optimallaşdyrylandygyny, munuň bolsa öň ýüze çykýan dykylmak ýa-da gaýnamak ýaly meseleleriň öňüni alýandygyny nygtady.

Synaglaryň netijesi rekord derejesindäki görkeziji berdi: membrana her sm² üçin 800 wattdan gowrak ýylylyk akymyna garşy durup, uzak wagtlap ýokary ýüklenme şertlerinde durnuklylygyny görkezdi. Alymlar bu tehnologiýany prosessorlary we wideokartlary sowatmak üçin "sowuk plastinalara" ornaşdyrmagy we ony bazara çykarmak üçin startap açmagy meýilleşdirýärler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026