HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kuickwheel Hytaý kompaniýasy Skyrider X6 uçýan motosikliñ önümçiligine başlady

Iýun 17, 2025 | 13:20 |3559
Hytaýyň Kuickwheel atly kompaniýasy ilkinji gezek CES 2025 sergisinde görkezilen Skyrider X6 uçýan motosikliñ önümçiligine başladyHytaýyň Kuickwheel atly kompaniýasy ilkinji gezek CES 2025 sergisinde görkezilen Skyrider X6 uçýan motosikliñ önümçiligine başlady
Çeşme: Kuickwheel

Hytaýyň Kuickwheel atly kompaniýasy ilkinji gezek CES 2025 sergisinde görkezilen Skyrider X6 uçýan motosikliñ önümçiligine başlady. Bu özboluşly enjam trisikl bilen multikopteri utgaşdyrýar we şahsy ulag serişdelerine täzeçe çemeleşmäni hödürleýär.

Skyrider X6 ýer ýüzünde 200 km çenli aralyga ýöräp bilýär ýa-da dron ýaly uçup bilýär — onuň uçuş tizligi sagatda 72 km-e çenli, bir zarýadda uçuş aralygy bolsa 50 km çenli ýetýär. Dolandyryş awtomatiki görnüşde-de, el bilen-de amala aşyrylyp bilinýär.

1

Iki görnüşli batareýa hödürlenýär: 10,5 kWt·s (1 sagatda zarýad alýar) we 21 kWt·s (40 minut çenli uçuş üpjün edýär). Hytaýda öňünden sargyt etmegiň bahasy — $69 000.

Howpsuzlyk ulgamy ätiýaçlyk ulgamlary, ballistik paraşýut we karbon bilen awiasiýa alýuminiden ýasalan ýeňil korpus bilen üpjün edilendir.

2

Skyrider X6-nyň köpçülikleýin ulanylmagyna howa giňişligine girizilen çäklendirmeler we uçuş şahadatnamasyny almak zerurlygy päsgelçilik döredýär. Bu şahadatnamanyň bahasy hem goşmaça $6 900 bolýar. Skyrider X6 häzirki wagtda baýlygyń aýratynlygy bolup hasaplanylsa-da, şahsy awiasiýanyň geljegi üçin uly ädimdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026