HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa täze pasport taýýarlaýar: QR-belgili we “atlas” elementli köpugurly resminama

Iýun 16, 2025 | 17:40 |5691
Russiýa Federasiýasynyñ Döwlet Dumasynda “ATLAS” kommunikasiýa agentliginiň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen täze rus pasportynyň konsepsiýasy boýunça teklip ara alnyp maslahatlaşylarRussiýa Federasiýasynyñ Döwlet Dumasynda “ATLAS” kommunikasiýa agentliginiň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen täze rus pasportynyň konsepsiýasy boýunça teklip ara alnyp maslahatlaşylar
Çeşme: паспортроссии.рф

Russiýa Federasiýasynyñ Döwlet Dumasynda “ATLAS” kommunikasiýa agentliginiň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen täze rus pasportynyň konsepsiýasy boýunça teklip ara alnyp maslahatlaşylar. паспортроссии.рф portalynyñ habar berşi ýaly, teklip edilýän prototip Russiýanyñ raýatynyñ esasy resminamasy bolan pasportyň daşky görnüşini we funksiýalaryny düýpli özgerdýär.

1

Taslamanyň esasy maksady – raýatyň şahsyýetini içerde we daşary ýurtlarda tassyklap bilýän köpugurly resminama döretmekdir. Hakykat ýüzünde ol içerki we daşary ýurt pasportlarynyñ funksiýalaryny birleşdirer. Täze pasportyň ID sahypasynda QR-belgi ýerleşdiriler. Ol belginniñ içinde ýaşaýan ýeri, maşgala ýagdaýy, gan topary we saglyk ýagdaýy ýaly eýesi baradaky häzirki wagtda degişli bolan maglumatlar jemlenýär. Bu maglumatlar birnäçe dilde görkeziler, bu bolsa pasporty barlamak düzgünerini Russiýada hem-de daşary ýurtlarda ep-esli ýeňilleşdirer we adaty möhürleriň köpüsiniñ zerurlygyny aradan aýyrar.

5

Täze pasportyň dizaýny hem aýratyn üns merkezinde boldy. Taslamanyň awtorlary häzirki pasportyň “belleniksizligini” aradan aýyrmak bilen ony has täsirli we “janly” etmek isläpdirler. Maksat — Russiýanyň medeniýetine we taryhyna bolan söýgini pasportda beýan etmek, ony ýurt baradaky “atlas” görnüşine getirmekdir.

2

3

Täze resminamanyň sahypalary Russiýanyň dürli sebitleriniň gözelligini we ähmiýetini görkezýän şekiller bilen bezeler: Sankt-Peterburgdaky meşhur “Bürünç atlyly”, Kareliýanyň tokaýlary, Altaý daglary we Barensew deňziniň kenarlary. Şeýle hem dizaýna "Ene-toprak çagyrýar!" diýen ýadygärligiň şekili, şeýle-de Ýuriý Gagarin bilen Walentina Tereşkowanynyň portretleri goşulypdyr — olar ýurduň ägirt uly üstünlikleriniň nyşanydyr.

4

Göze görünýän şekillerden başga-da, pasport sahypalarynda ultramelewşe ýagtylygyň astynda ýüze çykýan gizlin elementler bolar. Olarda hem milli nagyşlar, hem-de Russiýanyň taryhyndaky möhüm wakalar şekillendirilýär. Täze pasport taslamasynyň Döwlet Dumasynyň komitetiniň mejlisinde ýakyn wagtda garalmagyna garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026