HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedowyň Si Szinpin bilen duşuşygy: hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze itergi

Iýun 17, 2025 | 15:30 |7500
17-nji iýunda Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitiniň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy17-nji iýunda Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitiniň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy
Çeşme: chinadaily.com

17-nji iýunda Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitiniň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri belläp, iki ýurduň arasyndaky syýasy ynamyň we strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Si Szinpin Hytaýyň Türkmenistan bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini şol sanda “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň we “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasynyň çäginde doly açmaga üçin taýýardygyny mälim etdi.

Iki ýurduň arasyndaky tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, maşyn gurluşygy we dokma senagaty ýaly ykdysadyýetiň çig mal däl pudaklarynda özara gatnaşyklary giňeltmek, söwda gurluşyny kämilleşdirmek meselesine aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanlary medeni alyş-çalşygy işjeňleşdirmek, medeni merkezleriň döredilmegini çaltlaşdyrmak, bilim pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek barada ylalaşdylar.

FOREIGN1750158237053NUL38X6UBY.jpg

Howpsuzlyk meseleleri, şol sanda kiberhowpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdy. Hytaý Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak isleglerini goldaýandygyny aýtdy we ýurduň hemişelik bitarap döwlet hökmünde sebitdäki durnuklylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.

Serdar Berdimuhamedow hem öz gezeginde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň strategiki ähmiýetini belledi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ykdysady gatnaşyklaryň şeýle-de halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň derejesinde giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary Ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara ylalaşygyna gol çekişlik dabarasyna gatnaşdylar diýip, hytaý Lideriniň metbugat gullugy habar berdi.

17062025-serdar-berdymuhamedov-si-czinpin-peregovory.jpeg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026