HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BMG sebitdäki ynsanperwer tagallalary utgaşdyrýar

Iýun 16, 2025 | 20:50 |4495
Şu gün, 2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildiŞu gün, 2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykdaky amala aşyrýan ynsanperwer işlerine aýratyn üns berildi diýip, DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan adatdan daşary ynsanperwer ýagdaýlarynda goldaw bermek bilen, ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurt raýatlarynyň çykmagyna dessin hemaýat bermek boýunça halkara guramalary, hususan-da BMG bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler.

Bu duşuşyk, Türkmenistanyň raýdaşlyk, halkara hyzmatdaşlygyna we ählumumy derejede hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.

ORIENT

Ýene-de tema boýunça

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwerlik kömegini berýär

Russiýa S7 awiakompaniýasynyň ýolagçylaryna berlen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Aşgabat Ýakyn Gündogardaky ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan howa gämilerini kabul etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň Ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026