HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-de Sloweniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Iýun 16, 2025 | 20:35 |4726
16-njy iýunda, Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Sloweniýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marko Ştusin bilen duşuşdy16-njy iýunda, Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Sloweniýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marko Ştusin bilen duşuşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

16-njy iýunda, Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Sloweniýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marko Ştusin bilen duşuşdy.

Gepleşikler iki ýurduň arasyndaky dialogy ösdürmekde möhüm ädim boldy. Hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşleri, şol sanda halkara guramalaryň meýdançalarynda, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra Türkmenistanyň we Sloweniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, slowen wekiliýetine – Döwlet sekretary Marko Ştusin ýolbaşçylyk etdi.

Üns merkezinde – türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, sebit gün tertibindäki häzirki meseleler we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmek boldy. Taraplar döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

mid-turkmenistana-mid-slovenii (2).jpg

Taraplar söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berdiler. Telekommunikasiýa, ulag, derman senagaty, innowasion tehnologiýalar, söwda ýaly ugurlarda amaly hyzmatdaşlygyň hakyky mümkinçilikleriniň bardygy bellendi. Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem özara düşünişmegi güýçlendirmek we iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmak maksady bilen medeniýet we bilim ýaly ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026
Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

17:05 Iýun 18, 2026