HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Sloweniýanyň ilçisinden ynanç hatlary kabul edildi

Iýun 16, 2025 | 20:06 |5704
16-njy iýunda, Aşgabatda Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Alenka Suhadolnik özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy16-njy iýunda, Aşgabatda Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Alenka Suhadolnik özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Çeşme: mfa.gov.tm

16-njy iýunda, Aşgabatda Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Alenka Suhadolnik özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Gowşurylyş dabarasy Türkmenistanyň Mejlisinde geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ilçiden ynanç hatyny kabul edip, ony ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de işleriniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar konstruktiw dialogyň we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, türkmen-slowen gatnaşyklarynyň häzirki derejesi barada pikir alyşdylar. Ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, parlamentiň düzümi, kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.

Alenka Suhadolnik sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda Sloweniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Ilçi ikitaraplaýyn dialogy ösdürilmegi üçin ählitaraplaýyn tagallalary etjekdigi baradaky ynandyrmalaryny beýan etdi.

PCUFuVgGL8gWV1eJ5rB5u6IRqYkrqO-1500x800.jpg

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklaryň geljegi ara alyp maslahatlaşyldy.

Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täsirli guraly hökmünde yzygiderli aragatnaşyklaryň şonuň bilen birlikde iki ýurduň DIM-niň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň orny aýratyn nygtaldy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga özara taýýardyklaryny tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026