HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwerlik kömegini berýär

Iýun 16, 2025 | 01:05 |14605
Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin Türkmenistan tarapyndan öz çäginiň berilmegi boýunça tizden-tiz çäreler görülýärÝakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin Türkmenistan tarapyndan öz çäginiň berilmegi boýunça tizden-tiz çäreler görülýär
Çeşme: orient.tm

Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin Türkmenistan tarapyndan öz çäginiň berilmegi boýunça tizden-tiz çäreler görülýär.

Şu güne çenli 120-den gowrak adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdiler. Olaryň arasynda – Gagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gelen ähli adamlar dessin ýagdaýda zerur goldawlar berilýär: ýollaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin awtoulaglar, gyzgyn naharlar, myhmanhanalar we ilkinji nobatdaky zerur serişdeler bilen üpjün edildi.

Ynsanperwer işi durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we halkara guramalary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarlar.

Şeýle hereketler Türkmenistanyň ynsanperwerlik, halkara hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da möhümdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026