HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaýda 445 metr beýiklikdäki Downtown Residences beýik binasynyň gurluşygy meýilleşdirilýär

Iýun 16, 2025 | 14:45 |3030
Dubaý Deyaar Development tarapyndan durmuşa geçiriljek Downtown Residences taslamasy bilen ösüşiň täze tapgyryna taýýarlanýarDubaý Deyaar Development tarapyndan durmuşa geçiriljek Downtown Residences taslamasy bilen ösüşiň täze tapgyryna taýýarlanýar
Çeşme: Deyaar Development

Beýik binalary bilen tanalýan Dubaý, Deyaar Development tarapyndan durmuşa geçiriljek Downtown Residences taslamasy bilen ösüşiň täze tapgyryna taýýarlanýar. Business Bay sebitinde ýerleşjek bu 445 metr beýiklikdäki bina, baýlygyň we döwrebap ýaşaýyş derejesiniň nyşanyna öwrülmegi meýilleşdirilýär. Çalt ösýän Business Bay-iñ merkezinde ýerleşjek bu taslama diňe ýaşaýyş jaýy bolman, eýsem ýokary derejeli amatlyklary bilen dik şäher hökmünde taslanypdyr.

1

Downtown Residences binasynyň binagärlik çözgüdi iki zolak görnüşindäki belent diňden ybarat bolup, olaryň aşagynda giň esas ýerleşýär. Bu toplumda diňe bir baý rezidensiýalar we köpsanly penthauslar däl, eýsem taslamanyň döredijileriniň aýdyşy ýaly, “arap şazadasyna mynasyp köşk” hem ýerleşdiriler. Bu bolsa taslamanyň aýratynlygyny we abraýyny nygtaýar. Beýik binanyň infrastrukturasyna ähli döwrebap ýaşaýyş talaplaryna laýyklykda üns berilýär: rahatlandyryjy ýaşyl oazisler we landşaft zolaklar, şeýle-de häzirki zaman jemgyýetçilik we saglyk merkezleri göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, aeroýoga we meditasiýa studiýalary, ýokary derejeli spa salonlary we doly enjamlaşdyrylan fitnes zallary bilen ýaşaýjylaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek üçin ähli şertler dörediler.

Downtown Residences taslamasynyň aýratyn buýsanjy — Summit Society boljak. Takmynan 100-nji gatda ýerleşjek bu aýratyn meýdança ýaşaýjylara we myhmanlara Dubaýyň täsin panoramaly görnüşlerini hödürleýän ajaýyp restoranlar we barlar, iş duşuşyklary we rahat aragatnaşyk üçin niýetlenen ýörite lounge zolaklary hem-de beýiklikde film tomaşasynyň ýatdan çykmajak duýgylaryny berjek ägirt uly kinoteatr bilen üpjün ediler.

Taslamanyň gurluşygy başlangyç tapgyrdadyr we 2030-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026
Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

22:45 Oktýabr 01, 2026
Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

22:31 Oktýabr 01, 2026