HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa S7 awiakompaniýasynyň ýolagçylaryna berlen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Iýun 14, 2025 | 21:30 |6058
14-nji iýunda, şenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşyk geçirdi14-nji iýunda, şenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: mfa.gov.tm

14-nji iýunda, şenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşyk geçirdi. Diplomatlar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri şeýle hem Sergeý Lawrowyň ýakyn wagtda Türkmenistana amala aşyrjak saparyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ýaňy ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň birnäçe möhüm taraplary barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik bolandygy bellediler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Ynsanperwer ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Türkmen tarapynyň Russiýanyň S7 awiakompaniýasynyň howa gämisine gonmaga mümkinçilik döretmegi munuň aýdyň mysaly boldy. Uçar Ýakyn Gündogar sebitinde bolup geçýän wakalar sebäpli 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda öz ugruny üýtgetmäge mejbur boldy we Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy.

rossiya-vyrazila-blagodarnost-turkmenistanu (1).jpg

Rus diplomaty berlen goldaw üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Şol gün Ilçi Iwan Wolynkin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hatlary ýollady. Hatlarda “2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Nowosibirsk–Dubaý ugry boýunça uçuşy amala aşyrýan Russiýanyň uçaryna berlen ýardamlar üçin” rus tarapynyň sagbolsuny beýan edilýär.

170 sany ýolagçynyň ählisine, olaryň arasynda 22 sany çaga we 10 sany ekipažyň agzalaryna iýmit, içgiler we hyzmatlaryň doly toplumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur şertleri döretdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026