HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň Ilçisi bilen duşuşdy

Iýun 14, 2025 | 20:30 |6125
Şu gün, 14-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-de ministr Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildiŞu gün, 14-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-de ministr Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Şu gün, 14-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-de ministr Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň esasy temalary Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar hem-de iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boldy.

Duşuşygyň barşynda ministr Meredow Türkmenistanyň üýtgemeýän oňyn garaýyşlaryny nobatdaky gezek nygtady. BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerinden ugur alýan hemişelik bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan sebitdäki dartgynlyga alada bildirýär we islendik meseleleri çözmek üçin güýç ulanylmagyna düýbünden garşy çykyş edýär.

Öz nobatynda, Eýranyň Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde bolup geçýän wakalara Eýranyň garaýşy bilen türkmen tarapyny tanyşdyrdy. Taraplar islendik meseleleriň çözülmeginde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda diplomatik serişdeleriň ulanylmagynyň ähmiýetini nygtadylar.

ministr-inostrannyh-del-turkmenistana-s-poslom-irana (1).jpg

Ilçiniň ynsanperwer meseleleriň dessin çözülmegine berýän hemaýatlary üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlygyny bildirmegi duşuşygyň esasy pursady boldy. Hususan-da, eýranly diplomat sebitiň goňşy döwletleriniň birine amala aşyran saparyndan soňra Türkmenistanyň çägi bilen Watanyna dolanýan Eýranyň resmi wekiliýetine hemmetaraplaýyn hemaýatyň berilendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny beýan etdi. Aşgabatyň bu hereketi ynsanperwerlik ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirýändiginiň ajaýyp mysaly boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026