HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat Ýakyn Gündogardaky ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan howa gämilerini kabul etdi

Iýun 14, 2025 | 19:05 |6568
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly ynsanperwer goldawyny bermek boýunça gyssagly çäreleri barada habar berdiTürkmenistanyň Daşary işler ministrligi häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly ynsanperwer goldawyny bermek boýunça gyssagly çäreleri barada habar berdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly ynsanperwer goldawyny bermek boýunça gyssagly çäreleri barada habar berdi. Halkara ynsanperwer ýörelgelerine şeýle hem hemişelik oňyn bitaraplyk derejesine ygrarlydygyny görkezýän Türkmenistan, öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ähli howa gämileri tarapyndan ýurduň howa giňişliginden päsgelçiliksiz peýdalanmak üçin şertleri tizden-tiz üpjün etdi.

FlyDubai (BAE), Jazeera Airways (Kuweýt), S7Airlines (RF) we beýleki awiakompaniýalaryň uçarlaryna Aşgabadyň Halkara howa menziline gonmaga dessin mümkinçilik döredildi. Bu uçarlaryň içinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Ýakyn Gündogaryň, Hindistanyň, Russiýanyň we başga-da birnäçe döwletleriň ýüzlerçe raýatlary bardy.

Ýolagçylaryň ählisi üç wagtyna gyzgyn nahar hem-de lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterlik bilen üpjün edildi. Howa gämileriniň ekipažlarynyň agzalaryna halkara raýat awiasiýasynyň kadalaryna laýyklykda talabalaýyk dynç almak üçin şertler döredildi.

Bu dessin berlen kömek, Türkmenistan ynsanperwer meselelerinde özüniň mäkäm garaýyşyny iş ýüzünde tassyklaýar hem-de çylşyrymly halkara ýagdaýlarynda raýdaşlyk we adamkärçilik ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini nygtaýar.


14-nji iýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli Türkmenistanyň Prezidentiniň şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna minnetdarlyk hatyny iberdi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Hatda BAE-niň Hökümetiniň adyndan çuňňur minnetdarlyk bildirilýär: “2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde BAE-niň awiakompaniýalarynyň gatnawynyň birnäçesiniň mejbury duruzylmagy bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan berlen asylly hyzmatdaşlygy we ynsanperwer goldawy üçin çuňňur minnetdarlyk bildirýär. Birnäçe sagadyň dowamynda garaşylan wagtynda agzalan uçuşlaryň ýolagçylaryny myhmansöýerlik bilen kabul etmek we ähli zerur bolan şertleri – iýmit we suw bilen üpjün edilmegi bizde uly täsir galdyrdy. Bu Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna mahsus asylly ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy...”

Şeýle hem bu asylly hereketiň, iki döwletiň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň çuňlugyny, agzybirligiň we özara goldawyň hakyky ruhuny görkezýändigi bellendi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

14:41 Awgust 17, 2026
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026