HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

MA-nyň ýaşlarynyň II duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi BMG-niň resminamasy hökmünde alty dilde çap edildi

Iýun 14, 2025 | 15:25 |4686
Şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde A/79/894–S/2025/255 belgisi bilen alty dilde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasy habar berýärŞu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde A/79/894–S/2025/255 belgisi bilen alty dilde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasy habar berýär
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde A/79/894–S/2025/255 belgisi bilen alty dilde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasy habar berýär.

Ýüzlenmede gatnaşyjylar ilatynyň ep-esli böleginiň 30 ýaşa ýetmedik ýaşlardan ybaratdygy bilen baglanyşykly Merkezi Aziýadaky demografiki diwidendi belläp geçýärler. Şu nukdaýnazardan gatnaşyjylar ýaşlaryň mümkinçiliklerini durnukly ösüşe, ekologiýa hyzmatdaşlygyna we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagyna goşant goşmaga çagyrýandyklaryny bellediler.

Ýüzlenmede 2025-nji ýylyň Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmeginiň möhümdigi we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň sebitiň durnuklylygyna goşandy aýratyn bellenilýär. Ýaşlar ýaşyl ösüş, sanly diplomatiýa, jemgyýetçilik başlangyçlary bilen işjeň gatnaşmaga we 2025-nji ýylyň awgustynda Awazada geçiriljek forumda çykyş etmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Duşuşyk BMG-niň EKOSOS ýaşlar forumynyň çäklerinde geçirildi we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2250 belgili "Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk" kararnamasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlandy. Forum "Parahatçylyk we ynanyşmak üçin ýaşlaryň sesleri" diýen şygar astynda guralyp, 43 ýurduň wekilýetleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi BMG-niň resminamasy hökmünde neşir edilmegi Türkmenistanyň döredijilikli halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026