Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

vivo X Fold 5: Apple Watch we iPhone-yñ integrasiýasy bilen ilkinji Android-smartfon

Iýun 13, 2025 | 17:05 |4736
Hytaý kompaniýasy vivo, dünýäde ilkinji Apple Watch bilen utgaşykly işleýän Android-smartfon – eplenilýän flagman vivo X Fold 5-iň döredilendigini habar berdi. Enjamyň tanyşdyrylyş dabarasy 2025-nji ýylyň iýul aýynda geçiriler diýlip garaşylýarHytaý kompaniýasy vivo, dünýäde ilkinji Apple Watch bilen utgaşykly işleýän Android-smartfon – eplenilýän flagman vivo X Fold 5-iň döredilendigini habar berdi. Enjamyň tanyşdyrylyş dabarasy 2025-nji ýylyň iýul aýynda geçiriler diýlip garaşylýar
Çeşme: vivo X Fold 5 / Apple Watch Series 9

Hytaý kompaniýasy vivo, dünýäde ilkinji Apple Watch bilen utgaşykly işleýän Android-smartfon – eplenilýän flagman vivo X Fold 5-iň döredilendigini habar berdi. Enjamyň tanyşdyrylyş dabarasy 2025-nji ýylyň iýul aýynda geçiriler diýlip garaşylýar.

vivo kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, Apple Watch bu enjam bilen bildirişleri we gelen jaňlary görkezmäge, şeýle-de saglyk maglumatlaryny vivo Health goşundysy bilen sinhronlamaga ukyply bolar. Bu baglanyşygyň nähili amala aşyryljagy entek anyk däl, sebäbi Apple öz sagatlarynyñ Android enjamlaryna resmi taýdan birikdirilmegini üpjün etmeýär. Mümkin, Apple Watch-y işletmek üçin iPhone gerek bolar we ol maglumatlaryň geçirilmeginde araçynyň wezipesini ýerine ýetirer.

1

Apple Watch bilen utgaşyklykdan başga-da, vivo X Fold 5 iPhone bilen bildirişleri, jaňlary we SMS habarlary birmeňzeş utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär, hatda diňe bir SIM-kart ulanylanda hem bu mümkin bolar. Bu bolsa iPhone ulanyjylaryna vivo X Fold 5 arkaly jaňlara jogap bermäge we hat-habarlary görmäge mümkinçilik berip, iki enjamyñ ulanylmagyny has añsatlaşdyrýar.

2

Mundan başga-da, vivo X Fold 5 MacBook üçin ikinji ekran hökmünde ulanylyp bilner we iCloud programmasy bilen üpjün ediler. Bu programma arkaly suratlar, wideolar, kontaktlar we açar sözler iPhone bilen sinhronlaşdyrylyp bilner.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026