HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Snapchat döredijileri täze nesil AR-äýnekleri bilen tanyşdyrdy

Iýun 12, 2025 | 16:48 |3305
Snapchat messenjeri bilen tanalýan Snap kompaniýasy goşmaça hakykat (AR) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan täze äýneklerini satuwa çykarmaga taýýarlyk görýärSnapchat messenjeri bilen tanalýan Snap kompaniýasy goşmaça hakykat (AR) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan täze äýneklerini satuwa çykarmaga taýýarlyk görýär
Çeşme: The Verge

Snapchat messenjeri bilen tanalýan Snap kompaniýasy goşmaça hakykat (AR) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan täze äýneklerini satuwa çykarmaga taýýarlyk görýär. Ilkibaşda 2021-nji ýylda Spectacles ady bilen hödürlenen bu enjamlar — Apple Vision Pro-nyň göni bäsdeşi hökmünde — döredijileriň bellemegine görä, indiki 5–10 ýylyň dowamynda smartfonlar ýaly giňden ýaýran enjam bolmalydy.

The Verge neşiriniň habaryna görä, Snap bu akylly äýnekleriñ täzelenen görnüşini 2026-njy ýylda bazara çykarmagy meýilleşdirýär. Enjamyň takyk tehniki häsiýetnamalary entek aýan edilmedik hem bolsa, içerki çeşmeler 2021-nji ýylyň synag modeline garanyňda ep-esli ösüşleriň bardygyny belleýärler.

Snap kompaniýasynyň baş direktory Ewan Şpigeliň sözlerine görä, täze modeliň ahyrky ady diňe “Specs” bolar. Bu täze görnüş prototipden has inçe, has amatly we ýeňil bolupdyr. Şeýle hem äýnekleriñ görüjilik meýdany has giňeldilipdir, bu bolsa VR-grafikanyň linzalaryň has uly bölegini tutmagyna we has güýçli aralaşma täsirini döretmegine mümkinçilik berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026