HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HHSKG-niñ Ählihytaý komitetiniň başlygynyñ orunbasary Özbegistana baryp gördi

Iýun 04, 2025 | 12:10 |3089
1-2-nji iýun aralygynda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň (HHSKG-niñ ÄK) başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue Özbegistana sapar bilen bardy we ikinji hytaý-özbek sebitara forumyna gatnaşdy hem-de çykyş etdi1-2-nji iýun aralygynda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň (HHSKG-niñ ÄK) başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue Özbegistana sapar bilen bardy we ikinji hytaý-özbek sebitara forumyna gatnaşdy hem-de çykyş etdi
Çeşme: thegulfobserver.com

1-2-nji iýun aralygynda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň (HHSKG-niñ ÄK) başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue Özbegistana sapar bilen bardy we ikinji hytaý-özbek sebitara forumyna gatnaşdy hem-de çykyş etdi. Bu barada russian.news.cn habar berýär.

Saparyň dowamynda Şen Ýueýue Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow, Oliý Mažlisiň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa, premýer-ministriň orunbasary Žamşid Hodjaýew bilen duşuşdy, şeýle-de premýer-ministriň orunbasary Zulayho Mahkamowa bilen dostlukly pikir alyşdy.

Şen Ýueýue Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň strategik ýolbaşçylygy astynda täze eýýamdaky ähli taraplaýyn, durnukly we strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylan hytaý-özbek gatnaşyklary çalt depginde ösýändigi barada belledi.

Hytaý tarapy iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, syýasy ynamy berkitmäge, ähli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, medeni we ynsanperwer alyş-çalyşlary ösdürmäge, Hytaý bilen Özbegistanyň bitewi ykbal jemgyýetini has ýokary başlangyç nokatdan gurmaga taýýardygyny nygtady. Bu bolsa iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine hyzmat eder diýip, Şen Ýueýue aýtdy.

Özbegistanyň premýer-ministri A. Aripow özüniň adyndan Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň premýer-ministri Li Sýan üçin mähirli salamyny ýetirmegini Şen Ýueýueden haýyş etdi. Ol Özbegistan bilen Hytaýyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga we umumy ýeňişe esaslanýan gowy hyzmatdaşlar we biri-birini goldaýan ynamdar dostlardygyny aýtdy. Özbegistan Hytaý bilen ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer we sebitara alyş-çalyş ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň ýokary hilli durmuşa geçirilmegini ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

22:05 Oktýabr 02, 2026
Ýangyç üçin bahalaryň rekord derejede ýokarlanmagy sebäpli Ýewropa ýurtlary çäreleri görýärler

Ýangyç üçin bahalaryň rekord derejede ýokarlanmagy sebäpli Ýewropa ýurtlary çäreleri görýärler

22:00 Oktýabr 02, 2026
Alymlar dünýäde iň ýuka linzany döretdiler — onuň galyňlygy bary-ýogy üç atom

Alymlar dünýäde iň ýuka linzany döretdiler — onuň galyňlygy bary-ýogy üç atom

20:25 Oktýabr 02, 2026