Aşgabatda ýaş ekologlaryň bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi


Şu gün Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çäre geçirildi. Ol «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan Gurbandurdy Berdimuhamedow adyndaky mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Hayyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen gurnaldy.
Çäräniň çäklerinde ýurduň okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Geljege ýaşyl ädim: Çagalaryň hereketi» atly döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi.

Şeýle bäsleşikleriň ösüp gelýän ýaş nesliň tebigata bolan söýgüsini ösdürýändigi we ýaş zehinleriň ýüze çykarmaga ýardam berýändigi nygtaldy. Şeýle-de ýaş gatnaşyjylar üçin çagalaryň çykyşlary we daşky gurşawy goramak boýunça ussatlyk sapagy gurnaldy. Çagalar galyndylary görnüşine görä bölmek hem-de gaýtadan işlemek usullary, olaryň daşky gurşawy goramakdaky ähmiýeti bilen tanyşdylar.
ORIENT








