HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA we BMG: Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk boýunça duşuşyk

Maý 28, 2025 | 11:55 |4135
27-nji maýda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky edarasynda GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi27-nji maýda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky edarasynda GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: e-cis.info

27-nji maýda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky edarasynda GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar GDA bilen BMG-niň Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Sergeý Lebedew Arkalaşygyň sebitde howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen forumlary we maslahatlar barada gürrüň berdi, Kaha Imnadze hem bolsa BMG-niň sebit merkeziniň şuňa meňzeş meýilnamalaryny paýlaşdy diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär. Şeýle hem Sergeý Lebedew 2024-nji ýylda GDA-nyň çäginde kabul edilen resminamalary Birleşen Milletler Guramasynda ýaýratmak tejribesiniň dowam etdirilendigini aýtdy.

Hususan-da, aşakdaky tekstler görkezildi:

• GDA gatnaşyjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň raýat maksatlary üçin emeli aň pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky beýanaty;

• Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 1941–1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk Urşunda Sowet halkynyň gazanan Ýeňişiniň 80 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň we dünýä jemgyýetçiliginiň halklaryna ýüzlenmesi;

• GDA agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň žurnalistleriň hünär işi üçin howpsuz şertleri üpjün etmek we olaryň hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almak baradaky beýanaty; BMG-niň Baş Assambleýasynda GDA-a synçy derejesiniň berilmeginiň 30 ýyllygy bilen baglanyşykly; bedenterbiýe we sport pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada; Ýewraziýada howpsuzlygy üpjün etmekde hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri barada; halkara gatnaşyklarynda birtaraplaýyn çäklendiriji çäreleri ulanmaga ýol berilmezligi barada.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA), Aşgabatda ýerleşýän ştab-kwartirasy sebit we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýär. Merkez ýüze çykýan meseleleri çözmek we howplaryň öňüni almak üçin sebitiň ýurtlarynyň Hökümetleriniň arasynda diaolga ýardam berýär, sebitde işleýän halkara guramalary bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar, gapma-garşylyklaryň öňüni alyş tagallalaryny utgaşdyrýar we BMG-niň beýleki guramalary bilen durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026