HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen medeniýetiniň dünýäsi Seuldaky Dostluk festiwalynyň myhmanlaryny haýran galdyrdy

Maý 26, 2025 | 20:21 |2965
24-nji maýda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Seul şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen Seul dostluk festiwalyna gatnaşdy24-nji maýda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Seul şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen Seul dostluk festiwalyna gatnaşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

24-nji maýda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Seul şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen Seul dostluk festiwalyna gatnaşdy.

Ilçihana tarapyndan dürli öwüşginli bezelen sergi pawilýonynda festiwal myhmanlary türkmen medeniýetiniň baý dünýäsine aralaşdylar. Bu ýerde türkmen halkynyň gadymy taryhyny we baý özboluşly medeniýetini şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň nusgalary we milli egin-eşikler görkezildi. Şeýle hem Türkmenistana bagyşlanan kitaplar we žurnallar, şeýle hem türkmen suratkeşleriniň eserleri gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

festival-druzhby-v-seule (1).jpeg

Türkmenistanyň Ilçihanasy medeni baýlyklar başga-da, Seul dostluk festiwalynyň gatnaşyjylaryny ýurduň alyp barýan oňyn we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we diplomatiýasy, durmuş-ykdysady ulgamynda gazanan üstünlikleri hem-de medeni-ynsanperwer ugur boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelere we başlagyçlara aýratyn üns berildi.

festival-druzhby-v-seule (2).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026