HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Bakuda geçirilýän türki dünýäsiniň IV Edebiýat we kitap festiwalyna gatnaşýar

Maý 26, 2025 | 18:30 |4374
Azerbaýjanyñ Milli ylymlar akademiýasynyň baş binasynyň öňündäki Ylymlar akademiýasynyň seýilgähinde türki dünýäsiniň IV Edebiýat we kitap festiwalynyň (IV LitBookFest) dabaraly açylyşy boldy. Bu halkara medeni çärä Türkmenistan hem gatnaşýar.Azerbaýjanyñ Milli ylymlar akademiýasynyň baş binasynyň öňündäki Ylymlar akademiýasynyň seýilgähinde türki dünýäsiniň IV Edebiýat we kitap festiwalynyň (IV LitBookFest) dabaraly açylyşy boldy. Bu halkara medeni çärä Türkmenistan hem gatnaşýar.
Çeşme: azertag.az

Azerbaýjanyñ Milli ylymlar akademiýasynyň baş binasynyň öňündäki Ylymlar akademiýasynyň seýilgähinde türki dünýäsiniň IV Edebiýat we kitap festiwalynyň (IV LitBookFest) dabaraly açylyşy boldy. Bu halkara medeni çärä Türkmenistan hem gatnaşýar.

Bu çäre Türki dünýäniň Halkara ýazyjylar bileleşigi tarapyndan Azerbaýjanyň jemgyýetçilik we ylmy guramalarynyň goldawy bilen gurnaldy. Festiwal türki ýurtlaryň wekillerini – alymlary, ýazyjylary, neşirýat we medeniýet işgärlerini birleşdirip, ruhy bitewülik, edebi we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Festiwalyň maksatnamasynda her bir gatnaşyjy ýurda aýratyn üns berilýär. Hepdäniň dowamynda Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Wengriýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň günleri geçiriler. Türkmenistanyň güni kitaplaryň tanyşdyrylyşy, şygryýet duşuşyklary we medeni çykyşlar bilen belleniler. Bu çäreler türkmen halkynyň baý edebi mirasyny we milli aýratynlyklaryny açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Festiwalyň çäklerinde el işleriniň sergileri, konsert maksatnamalary, tanymal türki ýazyjylaryň ýubileýlerine bagyşlanan maslahatlar we duşuşyklar hem geçirilýär. Festiwal 1-nji iýunda geçiriljek türki dünýäniň ilkinji çagalar festiwaly bilen tamamlanar.

Türkmenistanyň şeýle halkara medeni çärä gatnaşmagy ýurduň doganlyk halklar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga we milli edebi mirasy halkara derejesinde wagyz etmäge bolan islegini görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026