Täze işewürlik pikirleri nädip döreýär we Aşgabatda geçiriljek Demo Day çäresinde Startup Academy gatnaşyjylary haýsy taslamalaryny görkezerler?


Häzirki wagtda has köp ýaşlar öz hususy işi barada pikirlenýärler. Käbirleri peýdaly ykjam gollanmasyny döretmek isleýär, käbirleri – onlaýn-hyzmaty açmak ýa-da tehnologiýalaryň kömegi bilen adamlaryň ýaşaýşyny aňsatlaşdyrmagyň usullaryny oýlap tapmak isleýär. Şeýle pikirler täze startap taslamalary üçin esas bolýar. Bu taslamalar ýaňy bir öz ýoluna başlap, eýýämden bazary üýtgetmäge çalyşýar.
Emma diňe bir islegiň bolany azdyr. Pikiriň hakyky işewürlik amalyna öwrüler ýaly bilim, tejribe, goldaw we taslamany hakyky durmuşda işledip görmek zerurdyr. Hut şunuň üçin Startup Academy hereket edýär.
Startup Academy näme?
Startup Academy bu ýaş telekeçileriň özüniň taslamalaryny başlangyç tapgyrdan işletmäge öwrenýän platformasydyr. Birnäçe hepdäniň dowamynda gatnaşyjylar okuwlary geçip, tejribeli halyplardan maslahat alýarlar, öz önüminiň adamlara gerekdigini, ony hödürlemegiň usullaryny, ilkinji müşderileri we mümkin bolan maýadarlary tapmak ýoluny öwrenýärler.
Iň esasysy bolsa, olar her gün öz pikirleriň üstünde işleýärler, ony barlap görüp, gowulandyrýarlar hem-de bazara çykarmaga taýýarlanýarlar. Bu diňe bir nazaryýet däl, bu hakyky tejribe işidir.
Demo Day näme?
Maksatnamanyň ahyrynda Demo Day geçirilýär. Bu özboluşly çäre bolup, onda gatnaşyjylar giň köpçüligine öz taslamalaryny hödürleýärler. Bu pikiriň barada aýtmaga, hyzmatdaşlary, müşderileri edinmäge we beýleki adamlary ruhlandyrmaga ajaýyp pursatdyr.
Şu ýyl Demo Day 31-nji maýda sagat 14:00-da “Arkaç” işewürlik merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşýän “Iş nokady” maslahatlar zalynda geçiriler. Isleg bildirýänleriň ählisi gelip, ýaş telekeçileriň soňky hepdelerde çeken zähmetiniň netijesini görüp bilerler. Siz garaşyp oturman, öz geljegini gurmaga başlan adamlaryň hakyky durmuş hekaýalary bilen tanyşarsyňyz.
Näme üçin bu çärä gatnaşmalysyňyz?
Siz Türkmenistanda döreýän täze pikirler bilen tanyşarsyňyz;
Öz işewürligine başlaýan hyjuwly ýaşlar bilen tanyşarsyňyz;
Ylham alyp, belki-de öz işiňize başlamak islärsiňiz.
Startup Academy arzuwlary hakykata öwürmäge ýardam berýär. Demo Day bolsa bu arzuwlaryň hemmelere mälim bolýan günüdir.
Gatnaşmak üçin www.demodaytm.com salgysy boýunça ýazylyň.
ORIENT








