HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan “Interwideniýe” aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmakçy

Maý 19, 2025 | 17:25 |9190
"Interwideniýe” aýdym-saz bäsleşigi 20-nji sentýabrda Moskwadaky Live Arenada geçiriler diýip, RBC Life “Birinji kanalyň” metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Bu, 1960-njy ýyllaryň ahyryndan başlap sosialistik lageriň Ýewropa ýurtlarynda geçirilen aýdym-saz bäsleşiginiň gaýtadan dikeldilen görnüşidir"Interwideniýe” aýdym-saz bäsleşigi 20-nji sentýabrda Moskwadaky Live Arenada geçiriler diýip, RBC Life “Birinji kanalyň” metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Bu, 1960-njy ýyllaryň ahyryndan başlap sosialistik lageriň Ýewropa ýurtlarynda geçirilen aýdym-saz bäsleşiginiň gaýtadan dikeldilen görnüşidir
Çeşme: intervision-contest.ru

"Interwideniýe” aýdym-saz bäsleşigi 20-nji sentýabrda Moskwadaky Live Arenada geçiriler diýip, RBC Life “Birinji kanalyň” metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Bu, 1960-njy ýyllaryň ahyryndan başlap sosialistik lageriň Ýewropa ýurtlarynda geçirilen aýdym-saz bäsleşiginiň gaýtadan dikeldilen görnüşidir. Şol bir wagtda bu bäsleşige Kanada, Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko ýaly dünýäniň dürli ýurtlary hem gatnaşyp bilýärdiler. Sosialistik lager dargandan soň, “Interwideniýe” bäsleşigi hem togtadylýar. 2025-nji ýylyň fewral aýynda Russiýanyň Prezidenti bu aýdym-saz bäsleşigini dikeltmek barada permana gol çekdi. Guramaçylyk komitetiniň başlygy wezipesine wise-premýer Dmitriý Çernyşenko, gözegçilik geňeşiniň başlygynyň wezipesine bolsa Prezidentiň administrasiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Sergeý Kiriýenko bellenildi.

Guramaçylaryň maglumatyna görä, bäsleşige BRİKS, ŞHG we GDA ýurtlaryndan, şeýle-de Latyn Amerikasy bilen Merkezi Aziýanyň döwletlerinden gatnaşyjylary çekmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda takmynan 20 döwlet bu bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi. Russiýadan başga-da, jemleýji tapgyra azyndan 14 ýurt gatnaşyp biler.

Bäsleşigiň resmi saýtynda festiwala gatnaşmaga isleg bildirýän ýurtlaryň sanawy ýerleşdirilen. Olaryň arasynda: Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Braziliýa, Müsür, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Katar, Gyrgyzystan, Hytaý, Kuba, BAE, Pakistan, Saud Arabystany, Täjigistan, Taýland, Türkmenistan, Özbegistan we Günorta Afrika Respublikasy bar. Russiýadan we Gyrgyzystandan gatnaşjak artistleriň atlary hem belli boldy — olar sahna ady Shaman bilen tanalýan Ýaroslaw Dronow we NOMAD üçlügi.

Saýtda şeýle hem Bolowiýa, Wengriýa, Wenesuela, Kolumbiýa, Meksika, Serbiýa, Slowakiýa we Efiopiýa ýaly ýurtlaryň hem gatnaşyp, öz aýdymlaryny hödürläp biljekdigi görkezilýär. Bu döwletleriň gatnaşmagy taslamanyň çäginde göz öňünde tutulýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026